20.06.2018 | Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk atly halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly dostlar!Sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda geçirilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk we bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin.Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 27-nji iýulynda kabul eden Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji halkara maslahatynyň Addis-Abeba hereketler maksatnamasy atly Rezolýusiýasyny hem-de 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul eden Dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş üçin Gün tertibini tutuşlygyna goldaýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hökümet derejesinde Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryny kabul eden dünýäde ilkinji we az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar.Türkmenistanyň Hökümeti 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda durnukly ösüş ulgamynda jemi 17 maksady, 148 wezipäni hem-de 187 indikatory tassyklady.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!Eziz adamlar!Türkmenistanyň Hökümeti milli ykdysadyýetini ösdürmegiň strategiýasyny kabul etdi hem-de ony yzygiderli amala aşyrýar.Bu strategiýada halk hojalygynyň pudaklaryny senagatlaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply eksport ugurly we daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak hem-de ahyrky netijede ilatyň ýaşaýyş we durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleri geçirmek maksat edilip goýulýar.

Biziň ýurdumyz ulag we telekommunikasiýalar ulgamynda düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär.Bu taslamalar milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam berýär.

Biz halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Demirgazyk — Günorta halkara demir ýoly, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili ýaly iri taslamalary üstünlikli amala aşyrdyk.

Bu taslamalar sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine gönükdirilendir.Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly dostlar!Türkmenistan möhüm halkara wezipeleriniň, hususan-da, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýaly meseleleriň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar.

Köpugurly hem-de köp görnüşli turbageçirijiler ulgamynyň döredilmegi energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy.

Munuň özi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty atly Rezolýusiýa bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy uly ähmiýete eýe bolýar.

Bu gaz geçiriji diňe bir ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň düýpli artdyrylmagyna däl-de, sebitde energetika howpsuzlygynyň we ykdysady durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şeýle hem bu taslamanyň tutuş sebitiň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üçin kuwwatly binýat boljakdygyna pugta ynanýarys.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly dostlar!Myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu halkara maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine, durnukly ösüşi maliýeleşdirmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.Size berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Ýene degişli makalalar

Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Efiopiýanyň ilkinji emeli hemrasy
Syýahat etmek üçin amatly ýerler
Afrika yklymy täze döwre gadam basýar
Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadaky ilçihanasynyň açylyşyna gatnaşdy
20.06.2018 | Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy