20.06.2018 | Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi.Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy (BMGÖM) guradylar.

Gün tertibine BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary girizilen maslahata dürli ministrlikleriň we edaralaryň, transmilli maliýe institutlarynyň, kompaniýalaryň we täjirçilik banklarynyň wekilleriniň 200-e golaýy, şeýle hem BMGÖM-niň hem-de beýleki halkara we sebitara guramalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.Onda milli Liderimiz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji halkara maslahatynyň hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasyny” hem-de “Dünýäni özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi” Rezolýusiýalaryny tutuşlygyna goldaýar hem-de biziň ýurdumyz hökümet derejesinde Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryny kabul eden dünýäde ilkinji we az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu halkara maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine, durnukly ösüşi maliýeleşdirmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Maslahatyň çäklerinde üç bölüm boýunça mejlisler geçirilip, olarda milli we sebit derejelerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny maliýeleşdirmegiň, içerki serişdeleri bir ýere jemlemek babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, maýa goýmakda milli bank ulgamynyň goruny, innowasion ösüşi, işewürligi maliýeleşdirmek tejribesi meselelerine, şeýle hem serhetüsti taslamalara garaldy.

Maslahata gatnaşyjylar üç ugruň hemmesinde, şol sanda hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşe ýardam etmek, ekologiýa howpsuzlygy we durmuş integrasiýasyny goldamak ýaly ugurlarda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda gün tertibini maliýeleşdirmegiň dünýä we sebit boýunça meýillerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hereketleriň Addis-Abeb maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi, ol durnukly ösüşi maliýeleşdirmek üçin binýadyň esasyny tutýar hem-de 2030-njy ýyla çenli ählumumy gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Halkara maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly Türkmenistanda düzüm taslamalaryna seretdiler.Halkara gaz geçirijiniň gurulmagy Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösmegine ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak boýunça netijeli teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.Biziň ýurdumyz BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine üýtgewsiz eýerýär, halkara howpsuzlygyny saklamagyň we berkitmegiň, dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy kepili hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ornuny belleýär.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan milli derejede Durnukly ösüşiň maksatlaryny uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň birine öwrülip, olary milli meýilnamalara we maksatnamalara ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri geçirýär.DÖM-ni netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan binýady döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda döredilen Ylmy-amaly merkeze ähmiýetli orun berilýär.

Nygtalyşy ýaly, BMG-niň ýardam bermeginde ýurdumyzda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine we görkezijilerine ýetmegiň usullaryny öwretmek boýunça işler geçirilýär.Türkmenistanda olary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi milli, pudaklaýyn we sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän Döwlet býujetiniň serişdeleridir.

Döwletimiziň ösüşiniň strategik ugry bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň senagat-innowasiýa taýdan ösüşine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de BMGÖM bilen işjeň hyzmatdaşlyk bu ugurda ileri tutulýan wezipeler bolup durýar.

Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işlerine uly üns berildi, bu bank dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýär.

Bankyň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durnukly ykdysady ösüş boýunça strategiýanyň durmuşa geçirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, ol ykdysady ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy we eksporta ugrukdyrylan, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary goşmaça gymmatly önümçiligi öz içine alýar.

Türkmenistanda hususy telekeçilik, maýa goýum we innowasiýa işleriniň goldanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär, ol zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynyň, hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşiň, goşmaça iş orunlarynyň döredilmeginiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biridir.Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy bölegiň ösdürilmegi hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlary görnüşinde gönükdirilýän serişdeleriň artdyrylmagy üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Hususan-da, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýän degişli kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanyldy we kämilleşdirilýär. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Erkin ykdysady zolaklar hakynda Kanun kabul edildi, ol düýpli ýeňillikleri, şol sanda salgyt ulgamynda hem-de ýer böleklerini kärendä bermekde ýeňillikleri berýär.

Kiçi we orta telekeçilik üçin ýurdumyzda salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy hereket edýär, hususy bölegiň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen bolsa döwletimiz pes göterimli ýeňillikli karzlary berýär.Maslahata gatnaşyjylar durmuş-ykdysady ösüş milli maksatnamalary, şol sanda obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak arkaly 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin maliýe serişdelerini jemlemekde Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdiler we bu taslamanyň diňe bir energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik bermän, tutuş sebitiň abadançylygy üçin şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde jemleýji resminama kabul edildi, şeýle hem ikitaraplaýyn ylalaşyklara, hususan-da, Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ösüşi maliýeleşdirmegi jemlemek boýunça özara düşünişmek, bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi mümkin bolan taslamalary maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we “Al Qamra Holding Group” (Katar Döwleti) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Onda şeýle wekilçilikli çäräniň işlemegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigine hoşallyk bildirilýär hem-de onuň geçirilmegi dünýä derejesinde Türkmenistanyň abraýynyň pugtalanmagyna we ýokarlanmagyna hyzmat eder diýlip nygtalýar.Ertir maslahatyň wekilleri BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmekde yslam tejribesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşarlar, soňra bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulyýet merkeziniň işi bilen tanşarlar, bu merkezde daşary syýasat we diplomatiýa meseleleri boýunça ylmy barlaglar geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýahat etmek üçin amatly ýerler
Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebitleýin Sammitiň işine gatnaşýar
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ALMATYDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN SAMMITIŇ IŞINE GATNAŞÝAR
Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary