20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Aşgabatda 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionaty halkara ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijileri Amanmuhammet Hommadow bilen Lala Şöhradowanyň toplumlaýyn çempionlyklaryna beslendi.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar berşi ýaly, çempionat küştüň rapid, nusgawy we blis görnüşleri boýunça geçirildi.

Rapid görnüşi boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda paýtagtly Amanmuhammet Hommadowa taý tapylmady. Ol mümkin bolan 9 utugyň ählisini hem ýygnap, nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa 9 utugyň 8-sini gazanan Lala Şöhradowa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Erkekleriň arasynda nusgawy görnüş boýunça geçirilen ýaryş ahyrky tapgyrlaryna çenli Amanmuhammet Hommadowyň, Ahmet Gubataýewiň we Wepaly Halnyýazowyň bäsdeşligi bilen dowam etdi. Ýöne ahyrky netijede A.Hommadow mümkin bolan 9 utugyň 8-sini gazanyp, rapiddäki üstünligini gaýtalady.

Gyzlaryň arasynda bolsa Lala Şöhradowa bilen bilelikde onuň dogany Leýla Şöhradowa we paýtagtly küştçi gyz Merýem Agajanowa ýiti göreş alyp bardy.Netijede, 7,5 utuk toplan Lala ýaryşda ikinji çempionlygyny yglan etdi.

Oňa blis boýunça ýaryşlarda hem taý tapylmady.

20 ýaşa çenli küştçüleriň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatyna 100-e golaý türgen gatnaşdy. Çempionlar we gowy netije görkezenler ýylyň dowamynda halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Küşt boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasyna täze agzalar kabul edildi
Türkmenistanly küştçi gyzlar Batumide geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistan okuwçylaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça Aziýanyň çempionatyna goşa medal bilen girişdi
Türkmenistandaky mekdep okuwçylary küşt boýunça Aziýanyň çempionatynyň jemleýji gününde üç medal gazandylar
Türkmenistanyň iň güýçli küştçüleri ýüze çykaryldy
Türkmenistan "Ekspo-2023 Doha" halkara sergisine gatnaşar, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary artdyryldy, Koreýanyň gurluşyk kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar