Türkmenistanly küştçi gyzlar Batumide geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanly üç küştçi Batumi (Gruziýa) şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar. Kenarýaka şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan 500-e golaý ýaş küştçi 8-18 ýaş aralygyndaky ýaş toparlarynda rapid we blis formatynda bäsleşdiler.

Kada görä, Rapid formatynda her göçüm üçin 10 sekunt goşmak bilen, her oýunça 15 minut, blitsde bolsa her göçüm üçin 2 sekunt goşmak bilen 3 minut wagt berilýär.

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan ýurdumyzdan 12 küştçi (6 gyz we 6 oglan) gatnaşdy.

Toparymyzda iň üstünlikli çykyş eden 16 ýaşly Leýla Şöhratowa boldy.Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Rapid formatynda 16 ýaşdan geçmedik gyzlar toparynda üçünji orny eýeläp, taryhy üstünlik gazandy. 11 tapgyryň netijeleri boýunça, Leýla 8 utuk toplamak bilen, diňe russiýaly we belarusly küstüçülerden asgyn geldi.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Leýla Şöhratowa bürünç medal bilen sylaglandy.

Diplomlar we gymmatly baýraklar bilen blis boýunça ilkinji bäşlige giren Läle Şöhratowa we Dünýä Ruslanowa daga-da sylag gowşuryldy.

Türkmenistanyň nusgawy küşt boýunça zenanlaryň arasyndaky häzirki çempiony, FIDE ussady Läle Şöhratowa özbegistanly, belarusly we wýetnamly bäsdeşlerinden asgyn gelip, 18 ýaşdan geçmedik gyzlar toparynda 4-nji orny eýeledi.

Toparymyzyň iň ýaş wekili, Lebap küşt mekdebiniň okuwçysy Dünýä Ruslanowa bolsa mümkin bolan 11 utukdan 6,5 utuk gazanyp, Angliýanyň çempiony we özbegistanly hem hindistanly küştçüler bilen birlikde 8 ýaşa çenli gyzlar toparynda dünýäniň ilkinji bäşligine girdi.

Blis ýaryşyna gatnaşan beýleki türkmen küştçüleriniň netijeleri aşakdaky ýalydyr:

8 ýaşa ýetmedik oglanlar Maksat Öwlüýägulyýew (Lebap), 11-den 7 utuk, 53-iň arasynda 8-nji orun.

10 ýaşa ýetmedik oglanlar Alyhan Batyrow (Mary), 11-den 7 utuk, 62-niň arasynda 12-nji orun.

12 ýaşa ýetmedik oglanlar Rauf Ýusupow (Mary), 11-den 5,5 utuk, 71-iň arasynda 39-njy orun.

14 ýaşa ýetmedik oglanlar Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap), 11-den 5 uutk, 44-üň arasynda 31-nji orun.

16 ýaşa ýetmedik oglanlar Sanjar Gaýbullaýew (Lebap), 11-den 5 utuk, 24-üň arasynda 14-nji orun.

18 ýaşa ýetmedik oglanlar Amanmuhammet Hommadow (Aşgabat), 11-den 6 utuk, 27-niň arasynda 11-nji orun.

10 ýaşa ýetmedik gyzlar Perwana Serdarowa (Aşgabat), 11-den 6 utuk, 24-üň arasynda 9-njy orun.

12 ýaşa ýetmedik gyzlar Nebahat Myradowa (Lebap), 11-den 5,5 utuk, 29-uň arasynda 17-nji orun.

14 ýaşa ýemedik gyzlar Mähri Agamyradowa (Lebap), 11-den 6,5 utuk, 36-nyň arasynda 8-nji orun.

16 ýaşa ýetmedik gyzlar Leýla Şöhradowa (Lebap), 11-den 6 utuk, 21-iň arasynda 10-njy orun.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 6 sany Boeing ýolagçy howa gämisini satyn alar, Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ýedi ýyllyk Strategiýasyny tassyklady, Awaza halkara festiwala gatnaşyjylary kabul edýär we beýleki habarlar
Türkmenistan okuwçylaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça Aziýanyň çempionatyna goşa medal bilen girişdi
20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmen karbamidi Batumi porty arkaly beýleki yklymlara ugradylar
Batumide Türkmenistandan, Özbegistandan we Gazagystandan gelýän dökünleri geçirýän terminal açyldy
HAZAR DEŇZI GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEGI IŞJELEŞDIRMEK DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY