Ilkinji gezek çempionatyň açylyş hem-de final duşuşygyna eminlik eden argentinaly Nestor Pitananyň jürlewügi bilen başlanan duşuşygyň 18-nji minutynda hasap açyldy.Bu goly ýerine ýetirilen jerime urgusyndan soň, ýalňyşlyk bilen Mario Manžukiç öz derwezesine girizdi. Ýöne taryhynda ilkinji gezek finala çykan Horwatiýanyň jogaby gijikmedi. 28-nji minutda Iwan Perişiç owadan urgy bilen hasaby deňledi.
Bu goldan 11 minutdan soň, hasap ýene-de üýtgedi.Has takygy, jerime meýdançasynyň içinde top hasaby deňlän Perişiçiň eline degdi.Emin Pitana Wideo Asistent Eminiň (VAR) ýardamy bilen ilkibaşda ikirjiňlense-de, ahyrynda penalti nokadyny görkezdi.
Ony dürs ýerine ýetiren Antuan Grizmann fransuzlary 21 öňe saýlady.Toparlar bu hasap bilen arakesmä çykdy.
PEREŇLI ÝESERLER2-nji ýarymda 1 gün az dynç alan, şol birwagtyň özünde-de garşydaşlaryna garanyňda 90 minut artykmaç oýnan horwatlaryň ýadawlygy mese-mälim duýuldy.Bu ýagdaýdan ýerlikli peýdalanan fransuzlar ýene-de 2 gol geçirdi. 59-njy minutda Pol Pogbanyň uzak aralykdan uran urgusyna derwezeçi Subaşiç hiç hili çäre tapyp bilmedi. 65-nji minutda-da çempionatyň ýyldyzlaryndan Kilian Mbappe jerime meýdançasynyň daşyndan ýerden urgy bilen hasaby has-da artdyrdy. 4 minutdan soň bolsa, 1-nji goluň awtory Mario Manžukiç derwezeçi Lorisiňem ýalňyşlygyndan peýdalanyp, bu gezek öz geçirmeli derwezesine topy girizdi. Şondan soň, horwatlar azda-kände umytlansa-da, fransuzlar bu ýaryşlarda özleriniň has tejribelidigini görkezdiler. Şeýlelikde, 42 hasabynda ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýygyndysy 20 ýyldan soň, taryhyndaky 2-nji çempionlygyny baýram etdi.
Fransiýanyň ýygyndysy 2 çempionlygy bolan Urugwaýdyr Argentinanyň hataryna goşuldy.
Çempionatyň taryhyndaky 900-nji oýun we beýleki hasabatlar
* Fransiýa bilen Horwatiýanyň arasyndaky oýun Dünýä çempionatlaryndaky 900-nji oýun diýlip hasaba alyndy.Geçirilen şol 900 duşuşykda 2548 pökgi derwezä girizildi.* Çempionatda derwezä urlan 169 gol (ortaça 2,64 gol) 32 ýygyndynyň gatnaşyp başlan ýaryşyndan (1998) bäri gazanylan iň ýokary 3-nji görkezijidir. 1998-nji we 2014-nji ýyllarda 171 pökgi geçirilipdi.* Çempionatda 2 futbolçy Ronaldo bilen Keýn het-trik eden bolsa, 10 gezegem 2 gol geçirildi.
Lukaku yzly-yzyna 2 oýunda 2 gol geçirip, iň soňky sapar şeýle başarnygy 1986-njy ýylda Maradona görkezipdi.* Çempionatda 110 futbolçy tapawutlandy.Olardan başga-da 12 futbolçy awtogol bilen ýatda galdy.
Awtogol geçirenleriň 2-si Manžukiç bilen Çeryşewiň atlary 110 futbolçynyň sanawynda-da bardyr.Bu çempionat iň köp awtogoluň geçirilen Dünýä Kubogy ýaryşy boldy.* Bellenen 29 penalti hem rekorda deňdir. Şolaryň 22-si dürs ýerine ýetirildi.
Utulan çykdy tapgyrynda 45 gol geçirilip, bu babatda-da 1954-nji hem-de 1994-nji ýyllardaky 44 golly rekord täzelendi.* Çempionatda PSŽ bilen “Tottenhem” klublarynyň oýunçylary iň köp tapawutlanan futbolçylar boldy.
Iki toparyň-da wekilleri 12 gol geçirdi.* Çempionatda 4 gyzyl kartoçka görkezildi.Bu görkeziji rekorda deň bolup, gyzyl kartoçka görkezilip başlanyndan bäri iň az gyzyl kartoçkaly çempionat diýlip hasaba alyndy.* Rafael Waran 1 möwsümde hem UEFA Çempionlar ligasynda, hemem Dünýä Kubogynda çempionlyk gazanan 4-nji futbolçy boldy.
Ondan öň fransiýaly Kristian Karambýo (1998), Roberto Karlos (2002) hem-de Sami Kedira (2014) şeýle başarnyk görkezipdi.Olaryň 4-siniň hem “Real Madrid” klubunyň oýunçylary bolmagy aýratyn ünsi çekýär.* Horwatiýaly Mario Manžukiç finalda hem öz derwezesinden, hem garşydaş toparyň derwezesinden gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.* Horwatiýaly Deýan Lowren 1 möwsümde hem Çempionlar ligasynyň, hemem Dünýä Kubogynyň finalynda ýeňlişe sezewar bolan 13-nji futbolçydyr.* Çempionatda iň köp wagtlap çykyş eden oýunçy horwatiýaly Luka Modriç bolup, ol 694 minutlap meýdançada galdy.
