“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi

Italiýanyň meşhur sport neşirlerinden “Tuttosport” gazeti tarapyndan berilýän “Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi. Ýewropada ýylyň iň ökde ýaş futbolçysyna berilýän baýragyň dalaşgärleriniň arasynda Lamin Ýamal, Žoao Neweş, Worren Zair-Emeri, Arda Güler, Endrik ýaly futbolçylar bar. 21 ýaşdan kiçi futbolçylara berilýän baýragy Lamin Ýamalyň almagyna garaşylýar.

Baýragyň ýeňijisi öňümizdäki günlerde mälim edilip, oňa sylagy noýabr aýynda gowşurylar.

Baýrak 2003-nji ýyldan bäri berlip gelinýär we Wan der Waart, Runi, Messi, Fabregas, Aguero, Pato, Balotelli, Pogba, Holann, Pedri, Gawi, Bellingam ýaly futbolçylar gazandy.

Lamin Ýamal (Barselona)

Žoao Neweş (PSŽ)

Worren Zair-Emeri (PSŽ)

Alehandro Garnaço (Mançester Ýunaýted)

Pau Kubarsi (Barselona)

Sawio Moreýra (Mançester Siti)

Riko Lýuwis (Mançester Siti)

Aleksandar Pawlowiç (Bawariýa)

Kobbi Maýnu (Mançester Ýunaýted)

Ýorrel Hato (Aýaks)

Jeými Gittens (Borussiýa Dortmund)

Leni Ýoro (Mançester Ýunaýted)

Kenan Ýyldyz (Ýuwentus)

Kristian Moskera (Walensiýa)

Adam Worton (Kristal Palas)

Arda Güler (Real Madrid)

Matis Tel (Bawariýa)

Dezire Due (PSŽ)

Oskar Gluh (RB Salsburg)

Samuel Omorodion (Porto)

Wilzon Odober (Tottenhem)

Andreas Skellerup (Benfika)

Endrik (Real Madrid)

Eliss Ben-Segir (Monako)

Samuel Mbangula (Ýuwentus)

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Çelsi ikinji gezek UEFA-nyň Super kubogynyň eýesi boldy
Çelsi UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi