UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

UEFA Çempionlar ligasynda ýylyň futbolçylaryny saýlamak üçin dalaşgärler mälim edildi. Şoňa görä, ýylyň iň ökde derwezeçisi diýlen ugurda Tibo Kurtua (Real Madrid), Ederson (Mançester Siti), Ferlan Mendi (Çelsi) dalaşgärlige hödürlendi. Çempionlar ligasynda geçen möwsümiň iň ökde derwezeçisi Ruben Dias (Mançester Siti), Sezar Azpilikueta hem-de Antonio Rudiger (ikisem Çelsi) dagynyň arasyndan saýlanar.

Mançester Sitiden Kewin De Bruýne, çempion Çelsiden N’Golo Kante bilen Žoržinio iň ökde ýarymgoragçy ugrundan, şeýle-de, Robert Lewandowski (Bawariýa), Erling Hollan (Borussiýa D) hem-de Kilian Mbappe (PSŽ) iň ökde hüjümçi diýen ugruň dalaşgärleri boldy.

UEFA Ýewropa Ligasynyň-da iň ökde oýunçysy bolmak ugrunda Mançester Ýunaýtedden Edinson Kawani bilen Bruno Fernandeş hem-de çempion Wilýarrealdan Žerar Moreno dalaşgär görkezildi.

Ýeňijiler täze möwsümiň toparçalarynyň bije çekiliş dabarasy güni ýagny 26-njy we 27-nji awgustda belli ediler.

Ýene degişli makalalar

Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
Transfer täzelikleri
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Lew Ýaşin adyndaky baýraga Donnarumma, Noýer we Kurtua dalaşgär görkezildi
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok