2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi

2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi

Belli wideobloger-smartfonlary synagdan geçiriji Zak Nelson netijeleri jemläp, 2020-nji ýylyň iň berk modellerini belli etmek kararyna geldi. Bu barada ferra.ru habar berýär. Adatça, Nelson satuwa çykýan mobil bazarynyň täze önümlerini çyzýar, olary egreldýär we hatda otlaýar.

Şeýlelikde, awtoryň synaglarynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň iň berk smartfony Google Pixel 4a, çydamsyz smartfony OnePlus Nord boldy.Bulardan başga-da, bloger abatlaýyş işine ýaramlylygy boýunça-da geçen ýylky täze önümlere baha berdi.

Bu hil boýunça öňdebaryjy Google Pixel 5 boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu model iň “aldawçy” gurluş diýlip atlandyryldy.Awtoryň pikiriçe, BlackShark 3 telefonuny abatlamakda has köp mesele ýüze çykyp biler.

Iň “innowasion” smartfon adyna ekranasty selfi-kamerasy üçin ZTE Axon 20 mynasyp boldy, iPhone 12 Pro Max bolsa has özüne çekiji gurluş diýlip atlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Iň berk smartfon saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Ýer güni bellenilýär
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary
15-nji noýabr