Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary

HABAR – SELJERME

Tomusky transfer möwsüminde Angliýanyň Premier Ligasynyň wekili Wulwerhempton topary düzümindäki portugal futbolçylarynyň sany bilen köpleriň ünsüni çekipdi. Çempionatda öňdebaryjy toparlary ýeňmegi bilen hem tanalýan klubuň düzüminde häzirki wagtda portugaliýaly 8 futbolçy çykyş edýär.

Toparyň tälimçisi hem portugaliýaly bolan klubuň 2 portugal futbolçysy-da başga klublarda kärendesine oýnaýar.Häzirki wagtda Premier Ligada oýnaýan portugaliýaly 18 futbolçynyň 8-si bu klubuň köýnekçesini geýýär.

Bir döwürler Milanda niderland, Interde germaniýaly, Barselonada 1990-njy ýyllaryň aýagynda, 2000-nji ýyllaryň başynda niderland, soňra brazil futbolçylary ady agzalan bu toparlary ýeňişlerden ýeňişlere ýetiripdi. Edil şonuň ýaly, Wulwerhemton toparynyň gazanýan üstünliklerinde portugal futbolynyň wekilleri uly orun eýeleýär.

2016-njy ýylda portugallaşyp başlaýar

1877-nji ýylda esaslandyrylan klub Angliýanyň Ýokary ligasynda 1950-nji ýyllarda 3 gezek çempionlyk gazanýar.West Midlands regionynyň Wulwerhempton şäheriniň adybir kluby Angliýanyň iň ýokary ligasynda 67-nji möwsümini geçirýär. 1992-nji ýylda esaslandyrylan Premier Ligada ilkinji gezek 2003/04 möwsüminde çykyş edip başlan Wulwerhempton topary 20092012-nji ýyllarda 3 möwsümden soň ilki 2-nji, hatda 3-nji liga hem düşdi. 2018/19 möwsüminde 3-nji gezek Premier Liga dolanan Möjekler (Wolves) lakamly topar 2016/17 möwsüminden portugallaşyp başlaýar.

Silwio, Žoao Teişeira, Helder Kosta, Iwan Kawaliero ýaly futbolçylar klubdaky ilkinji portugallar bolýar. 2017-nji ýylyň maýynda portugaliýaly Nuno Espirito Santony tälimçilige bellenilýär.Futbolçylyk ýyllarynda derwezede duran Nuno Espirito ozal Rio Awe, Walensiýa, Porto toparlarynda işläpdi.

Onuň gelmeginden soň, klubdaky portugallaryň sany artyp başlaýar. 2017/18 möwsüminde Ruben Neweş, Diogo Žoto (kärendesine) ýaly portugal futbolçylary topara transfer edilýär. 2018/19 möwsüminde-de meşhur derwezeçi Rui Patrisio, belli ýarymgoragçy Žoao Moutinio bilen şertnama baglaşylýar, Žotonyň hem transfer tölegi berlip, ymykly ýagdaýda düzüme goşulýar. 2019/20 möwsüminde Olimpiakosdan Daniel Podense, Bragadan Bruno Žordao, Lasiodan Petro Neto, şu möwsümiň başynda bolsa, Monakodan Witinýa (kärendesine), Barselonadan Nelson Semedo (30 mln.

funt), Portodan Fabio Silwa (35 mln.funt) transfer edilýär. Şol birwagtyň özünde-de möwsümiň başynda Diego Žotony Liwerpula 45, Helder Kostany-da Lids Ýunaýtede 16 million funt sterlinge satýar.

Başda-da belleýşimiz ýaly, Wulwerhempton toparynda häzirki wagtda 8 portugal futbolçysy çykyş edýär.Bu bolsa Portugaliýanyň çempionatynda çykyş edýän Boawişta, Maritimo, Portimonense ýaly klublaryň düzümlerindäki portugal futbolçylaryndan hem köp diýmekdir.

Nasional, Benfika ýaly toparlaryň hataryndaky portugal futbolçylarynyň sanyna bolsa deňdir.Klubda häzirki wagtda derwezeçi Rui Patrisio, goragçy Nelson Samedo, ýarymgoragçylar Ruben Neweş, Žoao Moutinio, Witinýa, Pedro Neto, hüjümçiler Daniel Podense hem-de Fabian Silwa ýaly portugal futbolçylar bolup, olaryň 2-sinden galany yzygiderli ýagdaýda esasy düzümde oýnaýarlar.

Diňe Witinýa bilen Fabian Silwa aglaba ätiýaçdan oýna girýärler.Topar möwsüme şowly başlasa-da noýabr aýyndan bäri yzygiderli ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýär.Wulwerhemptonyň çempionatda geçiren 23 golunyň 13-sini portugal futbolçylar (Neto 4, Podense 3, Neweş 3, Fabian Silwa 2, Moutinio 1) derwezä girizdi.

Toparda portugal futbolçylarynyň şeýle köp bolmagynda dünýä belli menejer Horge Mendesiň hem klub bilen işleşýändiginiň täsiri bar. Ronaldo, Feliks, Hames Rodriges, Mourinio, De Hea, Lekler, Mamona, Morais, Žoao Sousa ýaly sportuň dürli görnüşleriniň wekilleriniň menejeri hökmünde tanalýan Mendes Wulwerhempton toparyna portugal futbolçylarynyň transfer bolmagynda esasy roly oýnaýar.

Toparda portugal futbolçylarynyň köp bolmagy adaty hem-de internet metbugatynyň üns merkezinden düşenok.Wulwerhempton klubuny Portugaliýanyň ýygyndysyna meňzedýänleriň sany az däl.Eger-de Ronaldonyň hem karýerasynyň ahyrynda bu kluba gelen ýagdaýynda, onda laýyk Portugaliýanyň ýygyndysynyň emele geljekdigi bellenilýär.

Sentýabr aýynda şu möwsümde klubuň geýjek köýnekçeleri tanadylypdy. Şonda toparyň 3-nji köýnekçesiniň edil Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesine meňzeş bolmagy köpleriň ünsüni özüne çekipdi.

Şu möwsümde Premier Ligada noýabr aýynyň tälimçisi saýlanan Nuno Espiritonyň tälimçiliginde, topar geçen 2 möwsümde hem çempionaty 7-nji orunda tamamlapdy. Geçen möwsümde Ýewropa ligasynda ýarym finala çenli çykmagy başaran klubuň portugallar bilen ýeten derejesiniň näçe wagtlap dowam etjekdigini bolsa wagt görkezer.

The post Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Al-Hilal” bu gezek portugaliýaly oýunçyny transfer etdi
10 ýyldan soň ýurduna dolandy
Gwardiola we Klopp ýanwar aýynda APL-nyň iň gowy tälimçisi adyna dalaş edýär
De Hea we Moutinýu ýanwar aýynda APL-nyň iň gowy oýunçysy adyna dalaş edýär
Mourinio watandaşyny transfer etdi
“Barselonanyň” Messi bilen şertnama baglaşmagynda ullakan mesele bar