“Mançester Siti” bäş-bäşden çempionlyga barýar

Angliýanyň çempionatynda 33-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda sanawyň lideri “Mançester Siti” myhmançylykda “Wulwerhemptony” 5-1 hasabynda ýeňdi.Topar geçen tapgyrda-da “Nýukaslyň” derwezesinden jogapsyz 5 gol geçiripdi.” Mançester Siti” şu möwsümde 7-nji gezek bir oýunda 5 we 5-den köp gol geçirdi. “Norwiçi” we “Arsenaly” 5-0 ýeňen “Mançester Siti”, “Lidsden” 7-0, “Lesterden” 6:3, “Watforddan” hem 5-1 üstün çykypdy.

“Wulwerhempton” bilen bolan oýnuň 7-nji minutynda De Bruýne hasaby açsa-da 11-nji minutda Dendonker hasaby deňlemegi başardy. Ýöne bu deňligi şäherliler dessine bozup, 16-njy we 24-nji minutlarda Kewin De Bruýne ýene-de 2 gol geçirdi we APL-de iň çalt het-trik eden 3-nji futbolçy boldy.

Ol 60-njy minutda-da 4-nji goluny geçirip, duşuşygy poker bilen tamamlady.Oýnuň 84-nji minutynda-da Rahim Sterling oýna soňky nokady goýdy.De Bruýne APL-de bir duşuşykda 4 gol geçiren 3-nji ýarymgoragçy bolup, ondan öňe Frank Lampard (2008, 2010) bilen Jorjinio Weýnaldum (2015) muny başarypdy. Şeýlelikde, 5-1 hasabynda ýeňşini baýram eden “Mançester Siti” nobatdaky çempionlygyna ýene bir ädim golaýlady.

Olara galan 2 duşuşykda çempionlyk üçin 4 utuk hem ýeterlik bolar. “Mançester Siti” galan 2 tapgyrda “West Ham” hem-de “Aston Willa” bilen duşuşar. “Liwerpul” bolsa, Southempton hem-de Wulwerhempton bilen güýç synanyşar.

Ýene degişli makalalar

Mançester Siti APL-yň merkezi oýnunda Arsenaly utdy
De Bruýne Mançester Sitiniň täze rekordyny goýdy
APL: Mançester Siti birinji orna geçdi
Arsenal birinjiligi elden bermedi
APL: Mançester Siti birinji orna geçdi
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary