APL: Mançester Siti birinji orna geçdi

APL: Mançester Siti birinji orna geçdi

Arsenal bilen Mançester Siti toparlarynyň arasynda Angliýanyň premýer-ligasynyň 12-nji tapgyrynyň soňa süýşürilen oýny geçirildi.

Emereýts stadionynda geçirilen oýun 1:3 hasabynda myhman topar Mançester Sitiniň ýeňşi bilen tamamlandy. Sitiniň düzüminde De Bruýne (24), Griliş (72) we Holand (82) tapawutlandy. Arsenalyň jogap topy bolsa 42-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Sakanyň adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, Mançester Siti 23 oýundan soňra 51 utuk bilen turnir tablisasynyň birinji basgançagyna geçdi. Edil şonça utuk toplan Arsenal ikinji ýerde barýar, emma topçularyň Mançester Sitiden bir oýun az geçirendigini bellemek gerek. Üçünji ýerdäki Mançester Ýunaýtedde 46 utuk bar.

Ýeri gelende bellesek, Arsenal APL-yň çäklerinde bassyr 11-nji gezek Mançester Sitiden ýeňlişe sezewar boldy. London kluby 2015-nji ýyldan bäri APL-yň oýunlarynda Mançester Sitini utup bilenok.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Arsenal” “Mançester Sitini” ahyry ýeňdi
Mançester Siti APL-yň merkezi oýnunda Arsenaly utdy
De Bruýne Mançester Sitiniň täze rekordyny goýdy
Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy
APL-niň geçen möwsüminiň iň şowsuz transferleri yglan edildi