APL birinji tapgyr: Liwerpul utuk ýitirdi

APL birinji tapgyr: Liwerpul utuk ýitirdi

Şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň birinji tapgyrynyň oýunlary dowam etdirildi.Günüň oýunlarynyň arasyndaky iň garaşylmadyk netije Fulhem-Liwerpul gapma-garşylygynda hasaba alnyp, onda ýer eýeleri geçen ýylky wise-çempiondan utuk alyp galmagy başardylar.

Duşuşykda Mitrowiç iki gezek Fulhemi hasapda öňe çykaryp, onuň gollaryna Nunýes we Salah jogap gaýtardy. Şeýle-de birinji tapgyrda Tottenhem artykmaç güýç sarp etmezden, Çelsi bolsa kynçylyk bilen üç utuk gazandy.

Şenbe agşamynyň oýunlarynyň doly netijeleri:

Fulhem 2-2 Liwerpul;

Bornmut 2-0 Aston Willa;

Nýukasl Ýunaýted 2-0 Nottingem Forest;

Tottenhem 4-1 Sauntgempton;

Lids Ýunaýted 2-1 Wulwerhempton;

Ewerton 0-1 Çelsi.

Şu gün geçiriljek duşuşyklar:

Lester-Brentford;

Mançester Ýunaýted-Braýton;

West Hem-Mançester Siti.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Arsenal birinjiligi elden bermedi
Çelsi ýene-de ýeňildi
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Harri Keýn bir klub üçin geçiren gollarynyň sany boýunça APL-iň rekordyny goýdy
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy