2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň iň gowy söwda kärhanalary yglan edildi

2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň iň gowy söwda kärhanalary yglan edildi

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda ministrligiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň arasynda yglan edilen 2020-nji ýylyň iň oňat söwda kärhanasy atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň resmi saýty habar berýär.

Bäsleşigiň geçýän döwründe eminler topary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli oba, etrap alyjylar jemgyýetlerine, önümçilik we söwda kärhanalaryna hem-de Aşgabat şäheri boýunça azyk, senagat harytlarynyň söwdasyny alyp barýan, jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryna we önümçilik kärhanalaryna, bazarlara, lomaý we bölek söwda kärhanalaryna aýlanyp gördüler.

Bäsleşigiň jemleri jemlenilende, eminler tarapyndan söwda ugruna degişli edara-kärhanalarda işleriň guralyşy, ilata edilýän hyzmatlar, işi guramakda ýola goýlan täzelikler, ýagny hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna, şol sanda söwda pudagyna hem sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky berýän tabşyryklaryna laýyklykda, söwda kärhanalarynda sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylyşy nazarda tutuldy.

Bäsleşikde jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary boýunça 1-nji orna Paýtagt söwda merkeziniň Paýtagt restorany mynasyp boldy. Şeýle hem önümçilik ugry boýunça 1-nji orna Abadan önümçilik kärhanasy we bazarlar boýunça 1-nji orna Gündogar bazary saýlanyldy.

Lomaý-bölek söwda kärhanalarynyň arasynda Türkmenbakaleýa döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle-de söwda kärhanalarynyň arasynda 1-nji orna Altyn Zaman döwlet söwda merkezi mynasyp görüldi.

Ýeňijilere gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşynyň bürünç medalyna eýe çykdy
Ak Ýol Cola promo-aksiýasy gymmat bahaly sowgatlary utmaga mümkinçilik berýär
Ilham Aliýew, Arap Ligasynyň Liderler Maslahatyna Hormatly Myhman Hökmünde Çagyryldy
Mewlüt Çawuşogly Nýu-Ýorkda ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirýär
ABŞ-da polisiýa işgärleriniň eden-etdilikleri jezasyz galdy
Sportuň taryhynda şu gün 6-njy noýabr
Lamar Pulitzer baýragyna laýyk görüldi