Türkmenistanly Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşynyň bürünç medalyna eýe çykdy

Türkmenistanly Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşynyň bürünç medalyna eýe çykdy

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen Tokyo Grand Slam-2023 Uly tuwulga ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.

Iki günläp dowam eden bu ýaryş 84 döwletden türgenleriň 506 sanysyny bir ýere jemledi. Ýaryşda türgenler erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 7, jemi 14 medallar toplumy üçin güýç synanyşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda 5 sany Olimpiýa oýunlarynyň häzirki çempionynyň, 8 sany dünýäniň häzirki çempionynyň bolmagy onuň ýokary derejesinden habar berýär.

24 ýaşly Hekim Agamämmedow 66 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberinden orun aldy. Bu agram derejesinde 35 ýurtdan 48 türgen medallar üçin göreşdi.

Hekim bürünç medala çenli geçilen ýolda bäş tutluşykda ýeňiş gazanmagy başardy. Ol birinji aýlawda amerikaly Ari Berlineri, ikinji aýlawda azerbaýjanly Ýaşar Najafowy, üçünji aýlawda moldowaly Radu Izworeanuny ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym finala çykmak üçin geçirilen tutluşykda bolsa Hekim fransiýaly Daýki Bubdan asgyn gelip, goşmaça oýunlar arkaly bürünç medal üçin göreşmäge mejbur boldy.

Hekim Agamämmedow soňky iki tutluşygynda, ilki, braziliýaly Willian Limany, soňra bolsa mongoliýaly Erhembaýar Battogtohy ýeňip, hormat münberinden orun aldy.

Bu agram derejesinde ikinji bürünç medal degişli agramda dünýä reýtinginiň lideri moldowaly Denis Wiýera, kümüş medal mongoliýaly Bashu Ýondonperenleýne, altyn medal bolsa ýer eýesi Hifumi Abe nesip etdi.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Hekim Agamämmedowa bürünç medaly Mongoliýanyň Dzýudo assosiasiýasynyň prezidenti Battulga Haltmaagiýn gowşurdy we türkmen türgeniniň hormatyna Tokyo Metropolitan Gymnasium köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary galdyryldy.

Ýeri gelende bellesek, Hekim Agamämmedow ýeňijilere we baýrakly orny eýelänlere dzýudo boýunça dünýä çempionatyna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin reýting utugyny berýän Uly tuwulga ýaryşlarynda hormat münberinden orun alan ilkinji türkmenistanly türgen boldy.

Bu ugurda türkmen türgenleriniň arasyndaky ozalky iň gowy netije Gülbadam Babamyradowa degişli bolup, ol 2014-nji ýylda Baku şäherinde geçirilen uly tuwulga turnirinde ilkinji bäşlige girmegi başarypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan zenan dzýudoçylaryň arasynda Uly tuwulga ýaryşlaryndaky ilkinji medalyny gazandy
Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar
Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy mizemez mukaddeslik
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar
Türkmenistanly dzýudoçy Ýewropanyň açyk Kubogynda bürünç medal eýeledi
Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar