Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar

Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar

Halkara dzýudo federasiýasy 3 ― 7-nji maý aralygynda geçiriljek dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgeniň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Dünýä çempionaty bu gezek Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler. Oňa yklymlaryň bäşisinden 84 döwletden 513 türgen gatnaşar.

Dünýä çempionatynda Türkmenistandan erkekleriň arasyndaky ýaryşda Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kg-e çenli agramda), Hekim Agamämmedow we Serdar Rahymow (ikisi-de 66 kg-e çenli agramda) dagy dünýäniň çempionlygy ugrunda bäsleşer.

Gyzlardan bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Saýara Rozyýewa (ikisi hem 60 kg-e çenli agramda), Maýsa Pardaýewa hem-de Zülhumar Daşkinowa (-66 kg-e çenli agramda) dagy çempionlyk göreşini alyp barar.

Çempionat türkmenistanly dzýudoçylara 2024-nji ýylyň Pariž olimpiadasyna gatnaşmak üçin zerur ballary toplamaga ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar
Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar
Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar