Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar

Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 4 ― 5-nji fewraly aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatanaşar. Tapgyryň bu ýaryşyna 85 döwletden 552 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistan ýaryşa 10 dzýudoçy bilen wekilçilik eder. Bu barada IJF-niň resmi saýty habar berýär.

Has takygy, Aýbek Ömirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 k.ç.a.d.), Parahat Nazarow (73 k.ç.a.d.) we Şatlyk Seýitmyradow (87 k.ç.a.d.) dagylar erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik eder.

Ýurduň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda bolsa Aksoltan Hojageldiýewa bilen Kurbanaý Kurbanowa 48, Maýsa Pardaýewa 57, Zülhumar Daşkinowa bolsa 63 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda