Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy topary 24 — 26-njy mart aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçiriljek Uly Tuwalga ýaryşynda çykyş eder. Bu barada Halkara Dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýty habar berýär.

Ýaryşa gatnaşan türkmen ýygyndysyna 10 türgen wekilçilik eder. Erkekler toparynda Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi-de 66 kilograma çenli agram derejesinde), Parahat Nazarow (72 kilograma çenli agram derejesinde) ýaly ussatlar bar.

Zenanlar ýygyndysyny bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (ikisi hem 48 kilograma çenli agram derejesinde), Saýara Rozyýewa (52 kilograma çenli agram derejesinde), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli agram derejesinde) hem-de Zulhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) dagy düzýär.

Türkmenistanly dzýudoçylar Gahryman Amandurdyýew bilen Tatýana Widýasowanyň tälimçiliginde çykyş ederler.

Tbiliside geçjek ýaryşa 63 ýurtdan 443 türgen gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar
Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar
Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar