Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

Awgust aýynyň ilkini günlerinde Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde dzýudo boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Jemi 21 döwletden ýüzlerçe türgeniň gatnaşjak yklym ýaryşyna Türkmenistan 17 türgen bilen wekilçilik eder. Olaryň 8-si erkekler, 9-sy zenanlardyr.

Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Toýly Myradow, Aýbek Omirow (ikisi hem 60 kilogram), Hakberdi Jumaýew, Hekim Agamämmedow (66 kilogram), Parahat Nazarow (73 kilogram), Mämmedaly Açyldyýew, Daýanç Omirow (81 kilogram) we Şatlyk Seýitmyradow (81 kilogramdan ýokary) dagylar wekilçilik edýär.

Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (ikisi hem 48 kg-de), Nurjemal Omirowa we Saýara Rozyýewa (ikisi-de 52 kg-de), Maýsa Pardaýewa (57 kg), Zülhumar Daşkinowa bilen Regina Işdawletowa (ikisi hem 63 kg-de), Dinara Berdiýewa (70 kg), Ýyldyz Muradowa (78 kg) dagy bolsa gyzlaryň ýaryşynda göreş düşekçesine çykar.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY