Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar

Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Geljek hepde Türkmenistanyň paýtagtynda gyşyň ilkinji garynyň ýagmagyna we 0 gradusdan pes temperaturanyň bolmagyna garaşylýar. Şu hepde Aşgabatda howa 6-njy dekabrda has sowuk bolar. Sişenbe güni temperatura +22 derejeden çarşenbe güni +13-e çenli aşak düşer. Soňra indiki hepde temperaturanyň ýuwaş-ýuwaşdan sowamagyna garaşylýar.

2.Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.R.Meredow Hazar ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýakyn wagtda boljak duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa bardy.

Ol S.Lawrow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini, şol sanda halkara giňişlikde özara gatnaşyklary we ýakyn wagtda boljak duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdy.Taraplar bilim we medeni taslamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.

3. Türkmen talyplary yzly-yzyna ikinji ýyl Merkezi Aziýa ýurtlary üçin geçirilýän SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Bäsleşigiň saýlama tapgyrlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersinde geçirildi. Saýlama tapgyrlaryň ýeňijileri Duşanbe şäherinde geçirilen sebitleýin bäsleşikde duşuşdylar, bu ýerde türkmenistanly talyplar 1-nji we 2-nji orunlary eýeläp, geçen ýylky üstünliklerini gaýtaladylar.

4.Türkmenistanly žurnalistler Hytaýyň Guançžou şäherinde açylan V Bütindünýä mediaforumyna gatnaşýarlar.Forumyň açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, BMG-niň düzümleriniň we dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Wekilleriň çykyşlarynda media ulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi, şeýle hem beýleki möhüm meseleleriň üstünde durlup geçildi. Şahsy ösüşiň mümkinçilikleri üçin tagallalary birleşdirmekde, dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin özara ynamy pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň aýratyn orny nygtaldy.

Forumyň işi 8-nji dekabra çenli dowam eder.

5.Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly atly ýörite bölüm bar.Onuň kömegi bilen täze akylly şäheriň ýaşaýjylary aragatnaşyk we jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegeri ýeňillik bilen töläp bilerler.

Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.Turkmentelecom-dan internet we öý telefon hyzmatlary, şeýle hem Älem hemra teleýaýlymyna ýazylmak üçin töleg edip bolýar.

Pul geçirmek üçin ulanyjylara işjeňleşdirilen SMS duýduryş hyzmaty bilen Altyn Asyr ulgamynda işleýän bank karty gerek.

Dünýäde

6. TNT teleýaýlymy Bilelikde bagtly (Счастливы вместе) atly meşhur sitkomyň (gülküli serialyň) dowamy bolan Bukinler (Букины) serilynyň ilkinji resmi treýlerini paýlaşdy. Treýlerde Bukinler maşgalasynyň ähli agzalaryny görmek bolýar. Bu serialyň wakalary olaryň soňky gezek ekrana çykmaklaryndan 10 ýyl soň bolup geçýär.

7. Garward uniwersitetiniň alymlary erkekleriň hakykatdanam sowuklama we dümew kesellerini aýallardan has agyr geçirýändiklerini anykladylar. Bu olaryň immun ulgamlarynyň arasyndaky tapawut bilen baglanyşyklydyr. Netijede, erkekler has agyr sowuklama alamatlaryny başdan geçirýärler we olara sagalmak üçin has köp wagt gerek bolýar.

Sport habarlary

8.Türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow Ýaponiýanyň paýtagtynda tamamlanan Uly tuwulga ýaryşynyň çäklerinde bürünç medala mynasyp boldy.Iki gün dowam eden ýaryşda 84 ýurtdan 506 türgen gatnaşdy, olar 7 erkek we 7 zenan agram derejelerinde jemi 14 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. 24 ýaşly Hekim Agamämmedow 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medalyň eýesi boldy.

Ozal türkmen dzýudoçylary abraýly Uly tuwulga ýaryşlarynyň hormat münberde hiç wagt çykmandylar.Ozal şeýle ýaryşlarda gazanylan iň gowy netije 2014-nji ýylda Gülbadam Babamyradowa tarapyndan eýelenen 5-nji ýerdi.

9.AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 6-njy aýlawynda Al-Aýn bilen geçiriljek oýnuň öňüsyrasynda Ahalyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew toparynyň gowy futbol görkezmek we oňyn netije gazanmak isleýändigini aýtdy.

Ol ähli oýunçylaryň ýüz göterim taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy.Ahal bilen Al Aýnyň arasyndaky duşuşyk Aşgabat stadionynda geçiriler.Oýun sagat 19:00-da başlar.A toparçanyň çäklerindäki duşuşygy Türkmenistan: Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan zenan dzýudoçylaryň arasynda Uly tuwulga ýaryşlaryndaky ilkinji medalyny gazandy
11.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanly atletler tomusky Aziadanyň oýunlarynda medal ugrunda bäsleşer
Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar
24.04.2018 | Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar
Gülbadam Babamyradowa Tbiliside dzýuda boýunça Gran-Pri ýaryşynda bürünç medal gazandy