2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn

2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn

“Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabadyň azyk bazarlarynda bahalaryň üýtgemegini yzarlamagyny dowam edýär.

Bellemeli zat, bu synymyzda apreliň başlarynda dollaryň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy netijesinde azyk önümleriniň bahalarynyň birden galmagy hasaba alynmady. Bu dogrusynda şu ýylyň ikinji çärýegi baradaky synymyzda maglumat bereris.

Şu ýylyň ýanwaryndan mart aýynyň dowamynda gök önümlerinden beýleki ähli azyk harytlarynyň bahalary ýokarlandy.

Owal berilen maglumatlara laýyklykda,gök önümleriniň nyrhynyň peselmegi olaryň Eýrandan importynyň täzeden ýola goýulmagy bilen bagly bolmagy ähtimal.

Gök önümleriniň käbiriniň bir kilogramynyň ortaça bahasy 9 göterimden 82 göterime çenli arzanlasa, käbiriniňki 20 göterimden 125 göterime çenli gymmatlady.

Miweler ortaça 30 göterim gymmatlady.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary olaryň geçen ýylky ýaly bellenilen bahadan satylmaýandygyny aýdýarlar.

Olaryň käbiri 10 göterimden 30 göterime çenli arzanlasa, käbiri 20 göterimden 200 göterime çenli gymmatlady.

Konserwirlenen harytlar ortaça 6 göterim gymmatlady. Olaryň birnäçesi 3 göterimden 22 göterime çenli gymmatlasa, käbiri 20 prosent arzanlady.

Galla we makaron önümleri bu çärýekde dörtden bir esse gymmatlady. Olar 15,4 göterimden 60 göterime çenli gymmatlady.

Şu ýylyň ilkinji çärýeginde peýniriň bahasy ortaça 15 göterim arzanlady. Olar 7 göterimden 16,6 göterime çenli gymmatlasa, käbiri 53,8 göterime çenli arzanaldy.

Geçen üç aýda un ortaça 18 göterim gymmatlady. Umuman un 9 göterimden 24 göterime çenli gymmatlady. Diňe gazak ununyň kilogramy 13 manatlygyna galdy. Arzanlama hiç ýok.

Häzir gyt bolmadyk ösümlik ýagy ýanwardan martyň ahyryna çenli ortaça 37 göterim gymmatlady. Onuň nyrhy 15,3 göterimden 40 göterime çenli gymmatlady.

2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda süyt önümleriniň nyrhy ortaça 9 göterim gymmatlady. Umuman, süýt önümleri 14,3 göterimden 37,5 göterim gymmatlady. Diňe “TekSüýt” 24,4 göterim arzanlady.

Ýumurtga bolsa, 50 göterim gymmatlady.

Et we balyk önümleri şu ýylyň ilkinji üç aýynda ortaça 29 göterim gymmatlady. Bir kilo sygyr eti subsidirlenen bahada 40 göterim gymmatlasa, Towuk budy bolsa, 90 göterim gymmatlady. Galan et we et önümleri 12 göterimden 53 göterime çenli gymmatlady.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýynda kofýäniň nyrhy ortaça 14 göterim gymmatlady.

Içkiler we miwe suwlary ortaça 18 göterim gymmatlady.

Alkogolly içgiler ortaça 5,7 göterim gymmatlady.

Arassaçylyk we hojalykda ulanylýan himiýa harytlary bolsa, ortaça 11 göterim gymmatlady.The post 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
Türkmenbaşyda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy, Lebapda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar azaldy
Diňle: Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
Röwşen dükanlarynda aýakgaplaryň arzan satuwy dowam edýär
Röwşen dükanlary tomusky arzanladyş möwsümini yglan edýär
Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlady
Ramsey dükanyna täze ýazky egin-eşik toplumy gelip gowuşdy