Un 250%, çörek 150% gymmatlady, dükanlaryň öňündäki nobatlar aýryldy

Un 250%, çörek 150% gymmatlady, dükanlaryň öňündäki nobatlar aýryldy

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň bahasy duýdansyz birnäçe esse ýokarlandy. Çöregiň 150 göterim we unuň 250 göterim gymmatlamagy, döwlet dükanlarynyň öňündäki uzyn nobatlaryň aýrylmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Döwlet dükanynda şu güne çenli 1 kilogramy 1 manatdan satylan arzan un 3 manat 50 teňňä gymmatlady. Bu un 12-nji fewralda döwlet dükanlarynyň görkezme tekjesinde goýlup, alyjylara satylyp başlandy” diýip, habarçymyz aýtdy.

Käbir döwlet dükanlarynda ilata 1 manatdan satylan tegelek çöregiň bahasy hem gymmatlap, häzir 2 manat 50 teňňeden satylýar.

"Arzan unuň we çöregiň gymmatlajakdygy barada il arasynda myş-myşlar bardy. Ýöne bu barada dükan işgärleri ýa-da resmiler tarapyndan öňünden bildiriş ýa duýduryş edilmedi" diýip, aşgabatly alyjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň 1 kilogramy 1 manat bahalanýardy. Bu undan her bir raýata her aýda 5 kilogram satylýardy. Şeýle-de, ilat 1 manatdan satylan tegelek çörekden hem, günde iki ýa-da üç sanysyny satyn alyp bilýärdi.

Habarçymyz unuň we çöregiň gymmatlamagy bilen, onuň hyrydarynyň ep-esli azalandygyny, dükanlaryň öňünde öňküleri ýaly adamlaryň uzyn nobatlarynyň ýokdugyny aýdýar.

“Alyjylaryň köpüsi täze bahadan un we çörek satyn aljak bolsa, indi oýlanmaly boljakdygyny aýdýar. Olar öňler naharyň ýany bilen esasan çöregi köpräk iýip, nahary tygşytlan bolsalar, mundan beýläk çöregi hem tygşytly iýmeli boljakdyklaryny belleýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Ýiti gymmatlama, ýylda 1,5 million tonna golaý bugdaý hasylyny alýandygyny öňe sürýän we daşary ýurtlardan import edýän ununyň möçberini artdyrýan Türkmenistanda häkimiýetleriň döwlet dükanlaryny un, çörek we beýleki ýeňillikli harytlar bilen ýeterlik üpjün edip bilmeýän mahalyna gabat geldi.

Soňky ýyllarda döwlet dükanlaryna ýeňillikli azyk önümleri göz öňünde tutulan wagtda we möçberde paýlanmaýar. Dükanlara iberilýän çäkli möçberdäki azyk alyjylaryň ählisine ýetmeýär. Dükanlaryň öňündäki uzyn nobatlarda basa-baslyklar wagtal-wagtal ýüze çykýar. Azyk üpjünçiligi bilen bagly bu problemalar soňky aýlarda has-da ýitileşýär.

Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we bazarlarda harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Häkimiýetler azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalary aç-açan boýun alyp, çözmäge çalyşmagyň deregine azyk nobatlaryna gözegçiligi güýçlendirýär. Çörek nobatlary wideo düşürilýär, ýaşaýjylaryň satyn alan çörekleri sanalýar.

Bu aralykda, 12-nji fewralda irden döwlet dükanlarynda her gün ýeňillikli bahadan satuwa çykarylýan buhanka çöregi öňki nyrhyndan satyldy. Ýöne habarçymyz dükan satyjylaryna salgylanyp, buhanka çöreginiň bahasynyň hem gymmatlamagyna garaşylýandygyny aýtdy.

“Şu gün her ele üç sany buhanka çöregini 3 manada satan satyjylar gymmatlamanyň ýakyn günlerde boljakdygyny duýdurdylar” diýip, habarçymyz belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ilat unuň ýany bilen möhleti geçen kädi powidlosyny satyn almaga mejbur edilýär
Wakfykebir Çöregi
Ordu Mesudiýe Gury Çöregi
Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
Türkmenistanda irki saýlawlar yglan edilen badyna azyk önümleriniň bahasy birden ýokarlandy
TAMDYR SALMAK