Aşgabatda ilat unuň ýany bilen möhleti geçen kädi powidlosyny satyn almaga mejbur edilýär

Aşgabatda ilat unuň ýany bilen möhleti geçen kädi powidlosyny satyn almaga mejbur edilýär

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň hili we üpjünçiligi ýaramaz bolmagynda galýar. Aşgabatda ilat ýeňillikli bahadan satylýan unuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen kädi powidlosyny satyn almaga mejbur edilýär. Şeýle-de, ýaşaýjylar arzan bahadan satylýan çöregiň hiliniň göz-görtele ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 9-njy ýanwarda paýtagtdan maglumat berdiler.

“Paýtagtyň birnäçe dükanynda, şol sanda 32-nji dükanda ilata unuň gapdaly bilen ýaramlylyk möhleti geçen ýylyň oktýabrynda gutaran kädi powidlosy satylýar. Powidlony almadyklara un berilmeýär” diýip, aşgabatly alyjy anonim şertde gürrüň berdi.

Şeýle-de, geçen aýlardan tapawutlylykda, bu aý ýaşaýjylara 5 kilogram una derek 4 kilogram un satylýar. Dükan satyjylary 4 kilogram un üçin tegelekläp 5 manat we kädi powidlosy üçin 5 manat, jemi 10 manat alýarlar.

“Unuň hili hem aýdan aýa ýaramazlaşýar. Onuň reňki gara we ýakymsyz ysy bar” diýip, aşgabatly alyjy belledi.

Paýtagtyň döwlet dükanlarynda ilata arzan bahadan satylýan çöregiň hili hem göz-görtele ýaramazlaşýar.

“Ilata bula, bula, ber gula’ diýleni ýaly çörek berilýär.Onuň daşky görnüşi adaty buhanka çöreginden tapawutlanyp, çöregiň her ujy bir tarapa ýaýrap gidipdir.Unuň hili hem ýaramaz bolup, onuň ýakymsyz heň ysy bar. Çöregi pyçak bilen keseniňde, onuň daşky gatlagy owranyp, pytrap gidýär. Çöregiň içki gatlagy bolsa bişmedik.

Ol çig hamyr görnüşinde dükanlara goýberilýär” diýip, paýtagtly başga bir ýaşaýjy anonim şertde belledi.

Alyjylar bu babatda öz nägileliklerini dükan satyjylaryna beýan edýärler. Ýöne olaryň sözlerine görä, satyjylar şikaýatlary çörek kärhanasyna we resmilere bildirmegiň deregine, alyjylara gatyrganýarlar.

“Çöregi islemeseň, goý-da, gidiber. Ýüzlerçe adam şu hilli çörege hem zar. Siz bolsa, çöregi bol tapyp, içinde gyly bar, hili ýaramaz diýjek bolýarsyňyz” diýip, aşgabatly ýaşaýjy bir dükan satyjysynyň aýdan sözlerini sitirläp, olaryň alyjylaryň ýüzüni alyp goýberýändigini hem belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda söwda edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan azyk harytlarynyň üpjünçiligi ýyllarboýy pes bolmagynda galýar. Bu ýagdaý soňky aýlarda has-da ýitileşýär.

Munuň bilen bir wagtda, bu harytlaryň hiliniň ýaramazlaşýandygy, şeýle-de, ilatyň olaryň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satyn almaga mejbur edilýändigi barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

Geçen aýyň ahyrynda Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň birnäçe lukmany we ene-atalar döwlet dükanlarynda ilata mejbury satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümlerinden zäherlenýän çagalaryň köpelendigini aýdypdylar.

Habarçymyz bu wakanyň döwlet dükanlarynda ýaramlylyk möhleti geçen kemput, gaplanan süýt, kisel, ýagny jele we şireli suwlar ýaly harytlaryň satylýan mahalyna gabat gelendigini aýdypdy.

Ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan azyk önümlerini paýlamak tejribesi alty ýyl gowrak wagt bäri dowam edýär.

Ýurtda giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Un 250%, çörek 150% gymmatlady, dükanlaryň öňündäki nobatlar aýryldy
Ordu Mesudiýe Gury Çöregi
Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
TAMDYR SALMAK
Azyk gytçylygynyň arasynda hojalyklar gizlin bişiren çöregini ilata hödürleýär
Türkmenistanda irki saýlawlar yglan edilen badyna azyk önümleriniň bahasy birden ýokarlandy