2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Osloda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler, oňa laureatlaryň şahsy gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Norwegiýanyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.
“Nowaýa gazetanyň” baş redaktory Dmitriý Muratow bilen filippinli žurnalist Mariýa Ressa “demokratiýa we berk parahatçylyk üçin şert bolan söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary” üçin 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri boldular.
Baýrak gowşurylyş dabarasy adatça 10-njy dekabrda Alfred Nobeliň aradan çykan güni Osloda geçirilýär. Geçen ýyl ol pandemiýa sebäpli onlaýn görnüşde geçirildi.
