2022-nji ýyl planetanyň sowuk ýyllarynyň biri bolar

2022-nji ýyl planetanyň sowuk ýyllarynyň biri bolar

Ýabany tebigatyň Bütindünýä gaznasynyň (WWF) klimat maksatnamasynyň direktory Alekseý Kokorin 2022-nji ýylyň Ýer ýüzünde sowuk ýyllaryň biri boljakdygyny aýtdy. Bu barada ura.ru habar berýär.

Bu La-Ninýa hadysasynyň ösmegi sebäpli şeýle bolar.Ol atmosferadan Ýuwaş ummana gelýän akymdyr, soňra bolsa howa ýene-de maýlar. Şoňa görä-de, tamamlanan 2021-nji ýyl we 2022-nji ýyl bütin Ýer şarynda sowuk ýyllaryň biri bolar. Şunda atmosferanyň üstki gatlagy göz öňünde tutulýar — diýip, hünärmen aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Ýer ýüzünde howanyň derejesiniň peselmegi ählumumy maýlama hadysasynyň güýçlenmegi bilen bagly hasaba alynmaýar.La-Ninýa köplenç Ýuwaş ummanyň günorta böleginde ýüze çykýar.Onuň netijesinde durnukly gündogar şemaly Perunyň we Çiliniň Indoneziýa hem-de Awstraliýa tarapdaky kenarlaryndan ýyly suwlary alyp gidýär.

Netijede, deňiz çuňluklaryndaky sowuk suwlar howanyň ýüzüne çykýar.

Ýene degişli makalalar

WWF: 2022-nji ýylyň gyşy sowuk bolar
saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary
Saglyk baýlyk
Özüňden öneniň bary özüňki…
Yssy howany halaýan täsin agaç