
2022-nji ýylda dünýäniň ähli ýerinde 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, sowuk gyş bolar. Bu barada Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň howa maksatnamasynyň (WWF) başlygy Alekseý Kokorin beýanat berdi.
Hünärmeniň pikiriçe, muňa La-Ninýa hadysasy diýlip atlandyrylýan Ýuwaş ummanyň günorta böleginde sowuk suwlaryň ýokary galmagy sebäp bolar. Bu bolsa, öz gezeginde bütin planetada ortaça howa derejesiniň peselmegine getirer. Kokorin şeýle-de munuň ählumumy maýlama täsir etmeýändigini belledi.