2022-nji ýylda dört sany Aý we Gün tutulmalary bolar

2022-nji ýylda dört sany Aý we Gün tutulmalary bolar

2022-nji ýylda dört tutulma iki Gün we iki Aý tutulmasy bolup geçer. Bu barada SputnikKazahstan-yň habarçysyna Manaş Kozybaýew adyndaky Demirgazyk Gazagystan uniwersitetiniň professory Andreý Solodownik gürrüň berdi.

Birinji Gün tutulmasy 30-njy aprelde bolar. Ýöne bu hadysanyň ähli fazasy Antarktiada, Günorta Amerikada we Ýuwaş umman akwatoriýasynda bolup geçer.Ikinji tutulma doly Aý tutulmasy bolup, 16-njy maýda bolar.

Ony Amerikanyň (Demirgazyk Amerikanyň günorta we gündogar böleginde), Afrikanyň we Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylary görüp bilerler. Üçünji tutulma Gün tutulmasy bolup, bu hadysa 25-nji oktýabrda bolup geçer.Tutulma Günüň ýaşmazyndan biraz wagt öň bolar.

Gün tutulmasy Gazagystanyň ähli territoriýasynda görner. “Tutulmanyň ähli fazasynyň umumy dowamlylygy dört sagada ýeter” diýip, Andreý Solodownik aýtdy.Dördünji tutulma doly Aý tutulmasy bolar we ol 8-nji noýabrda bolup geçer.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi
Ýüpek ýoly ― 2024: sekizinji tapgyrda Daňatarowyň topary ýeňiji boldy
Žaparow: Olimpiýa oýunlarynda gyrgyz, gazak we özbek janköýerleriniň jebisligine tutuş dünýä şaýat boldy
Serdar Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Samarkantda geçiriljek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Papua-Täze Gwineýada kofe we palma ýagy ministrlikleri döredildi
Taryhda bu hepde 19-njy awgust