Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi

Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherinde 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekmek dabarasy guraldy.

Bijä laýyklykda, 18 ýygyndy hersi 6 topardan ybarat bolan 3 toparça bölündi. Bu tapgyr aýlaw görnüşinde öý-myhmançylyk düzgüni esasynda geçirilip, her toparçadan birinji we ikinji ornuň eýeleri DÇ-2026-a ýollanma gazanarlar.

Üçünji we dördünji orny eýelän ýygyndylar bolsa dördünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Dördünji saýlama tapgyrda 6 ýygyndy 2 toparça bölünip göreşi dowam etdirer. Her toparçanyň ýeňijisi DÇ-2026-nyň ýollanmasyna eýe çykar.

Dördünji saýlama tapgyrynda öz toparçasynda ikinji orny eýelän ýygyndylar özara güýç synanyşarlar. Bu jübütiň ýeňijisi yklymara pleý-offda Aziýa wekilçilik eder. Şeýle-de yklymara pleý-offda KONKAKAF-dan iki ýygyndy, Afrikanyň, Okeaniýanyň we Günorta Amerikanyň hersinden bir ýygyndy gatnaşar. Jemi 6 ýygyndy mundialyň ahyrky 2 sany ýollanmasy üçin göreşer.

Üçünji saýlama tapgyr:

A toparça: Eýran, Katar, Özbegistan, BAE, Gyrgyzystan, KHDR

B toparça: Koreýa Respublikasy, Yrak, Iordaniýa, Oman, Palestina, Kuweýt

C toparça: Ýaponiýa, Awstraliýa, Saud Arabystany, Bahreýn, Hytaý, Indoneziýa

Üçünji saýlama tapgyryň oýunlary 5-nji we 10-njy sentýabr, 10-njy we 15-nji oktýabr, 14-nji we 19-njy noýabr, 20-nji we 25-nji mart, 5-nji we 10-njy iýun günleri geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, DÇ-2026-nyň deslapky iki saýlama tapgyry Aziýa Kuobgy — 2027-niň saýlamasy bilen bilelikde geçirildi. Ikinji tapgyrda öz toparçasynda birinji we ikinji orny eýelän 18 sany ýygyndy Aziýa Kubogynyň final tapgyryna ýollanma aldy.

Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji saýlama tapgyrynda E toparçasynda çykyş edip, üçünji orny eýeledi.

Maglumat üçin, DÇ-2026-nyň deslapky iki saýlama tapgyrynda ýaryşdan çykanlar Aziýa Kubogyunyň ýollanmasy üçin aýratyn güýç synanyşarlar.

Ýene degişli makalalar

Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda
3 yklym çempionat
Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda
Meksikanyň nobatdaky üstünligi
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji sentýabr
Ilkinji çempionlygy