Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda

Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karibler zolagynyň kubogy bolan KONKAKAF “Altyn kubok” ýaryşynda finalynda garaşylyşy ýaly Meksika bilen ABŞ-nyň ýygyndylary duşuşarlar.Olaryň birinjisi ýarym finalda Gaitiniň ýygyndysy Raul Himenesiň goşmaça wagtda (93-nji minutda) penaltiden geçiren goly bilen 10 ýeňdi.

Soňky çempion ABŞ ýarym finalda Ýamaýkany MakKenni we Pulişiçiň gollary bilen 31 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finala çykmagy başardy.Meksikanyň 10, ABŞ-nyň 6 çempionlygy bolup olaryň ikisi soňky gezek 2007-nji, 2009-njy we 2011-nji ýyllardaky finallarda duşuşypdy. Şolaryň birinjisinde ABŞ 21, soňkularda Meksika 50 we 42 hasaplar bilen ýeňiş gazanypdy.

Final duşuşygy 8-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 06:00-da başlap, ol ABŞ-nyň Çikago şäherindäki “Soldier Field” stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Meksikanyň nobatdaky üstünligi
“Altyn Kuboga” Meksikanyň ýygyndysy mynasyp boldy
3 yklym çempionat
Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda
Ýewropa ligasynda çärýek finalçylar belli boldy
“Barselonanyň” 29-njy, “Benfikanyň” 26-njy kubogy