3 yklym çempionat

Häzirki wagtda Dünýäniň 3 künjeginde yklymlaýyn futbol ýaryşlary geçirilýär.Günorta Amerikada Kopa Amerika ýaryşynda toparçadaky 2-nji oýunlar tamamlandy.Edil Kopa Amerika bilen bir günde başlap, bir günde tamamlanjak Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibler zolagynyň çempionaty bolan “KONKAKAF Altyn Kubok” (CONCACAF Gold Cup) bäsleşiginde-de toparçalardaky 2-nji duşuşyklar şu gün jemlener.

Afrika yklymynda bolsa, düýn Milletler Kubogyna badalga berildi.Bu ýaryş 19-njy iýula çenli dowam eder.

Argentina ýeňiş gazanmak başardanok

Braziliýada dowam edýän 46-njy Kopa Amerika futbol ýaryşynda garaşylmadyk netijeler hasaba alynýar. “A” toparçada ýer eýeleri Braziliýa çempionatyň açylyş duşuşygynda Boliwiýany Koutinio (2) we Ewertonyň gollary bilen 30 utdy. Ýöne sambaçylar 2-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmedi.

Olaryň Wenesuela bilen geçiren oýnunda hasap açylmady. “B” toparçada Argentinanyň ýygyndysy Kolumbiýadan 20 asgyn geldi.Kolumbiýalylaryň gollaryny Martines bilen Duwan Zapata derwezä girizdi.Paragwaý bilen Kataryň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 1-nji ýarymda 2 gol geçirden aziýalylar 2-nji ýarymda hasaby deňlemegi başardylar.

Argentina 2-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp bilmedi.Paragwaý bilen deňme-deň (Messi 57 p — Sançes 37) oýnan tangoçylar tasdanam ýeňlişe sezewar bolupdy. 62-nji minutda paragwaýly ýarymgoragçy Derlis Gonzales penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedi we oýun 11 hasabynda tamamlandy.

Kolumbiýa 2-nji duşuşygynda Katary Duwan Zapatanyň ýene-de 86-njy minutdaky goly bilen 10 ýeňip, çärýek finala çykan ilkinji topar boldy. “C” toparçadaky birinji oýunlaryň ikisi-de 40 hasabynda tamamlandy.

Urugwaý Ekwadory Lodeiro, Kawani, Suares we Minanyň (ö.d.) gollary bilen ýeňdi.Soňky 2 ýaryşyň çempiony Çili bolsa, myhman topar Ýaponiýadan, Pulgar, Wargas (2) hem-de Sançesiň tapawutlanmagynda uly hasaply netije bilen üstün çykdy.

Toparçadaky 3-nji oýunlar tamamlananyndan soň, 2830-njy iýun aralygynda çärýek finalyň oýunlary geçiriler.“A”: BraziliýaBoliwiýa: 30 (Koutinio 50 p, 53, Ewerton 85), WenesuelaPeru: 00, BoliwiýaPeru: 13 (Martins 28 p — Guerrero 45, Farfan 55, Flores 90+6), BraziliýaWenesuela: 00.“B”: ArgentinaKolumbiýa: 02 (Martines 71, D.

Zapata 86), ParagwaýKatar: 22 (Kardozo 4 p, Gonzales 56 — Ali 68, R.Rohas 77 ö.d.), Kolumbiýa-Katar: 10 (D.Zapata 86), ArgentinaParagwaý: 11 (Messi 57 p — Riçard Sançes 37).“C”: UrugwaýEkwador: 40 (Lodeiro 6, Kawani 33, L.

Suares 44, Mina 78 ö.d.), ÝaponiýaÇili: 04 (Pulgar 41, Wargas 54, 83, A.Sançes 82).

Esasy dalaşgär — ýer eýeleri

Yklymyň iň uly bäsleşigi bolan Afrika Milletler Kubogy ýaryşynyň 32-njisine badalga berildi.Müsürde geçirilýän bu çempionata ilkinji gezek 24 ýygyndy gatnaşýar. “A” toparçada ýer eýeleri Müsüriň, Kongo DR-niň, Ugandanyň, Zimbabweniň, “B” toparçada Nigeriýadyr Gwineýanyň, Madagaskaryň, Burundiniň, “C” toparçada Senegalyň, Keniýanyň, Alžiriň, Tanzaniýanyň milli toparlary duşuşarlar. “D” toparçada Marokkonyň, Kot-d’Iuaryň, Günorta Afrikanyň, Namibiýanyň, “E” toparçada Tunisiň, Maliniň, Mawritaniýanyň, Angolanyň, “F” toparçada Ganadyr Kamerunyň, Benin we Gwineýa-Bissaunyň milli ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.

Her toparçada 12-nji ýerleri eýelänler bilen 3-nji orundakylaryň iň gowy netije görkezen 4-si ýaryşy dowam etdirerler.Duşuşyklar 4 şäherdäki 6 stadionda oýnalar.Olar paýtagt Kairdäki Halkara, “30-njy iýun”, “Al Salam”, Aleksandriýa, Sues hem-de Ismailiýa şäherleriniň adybir stadionlarydyr. Çempionat ilkinji gezek tomus paslynda geçirilýär.Bu ýylky ýaryşyň esasy dalaşgäri ýer eýeleri Müsüriň ýygyndysy bolup, olar kubogy iň köp gazanan topardyr.

Geçen ýaryşyň finalynda Kamerundan asgyn gelen müsürliler şu wagta çenli 7 gezek çempion diýen ady eýelediler. 1957-nji ýylda geçirilip başlanan çempionatda Kamerunyň 5 çempionlygy bar.

2 oýunda 10 gol

Üç döwletde — ABŞ-da, Kosta Rikada we Ýamaýkada geçirilýän “KONKAKAF Altyn Kubok” ýaryşynda “A” toparçada çykyş edýän Meksikanyň ýygyndysy ilkinji 2 duşuşygynda uly hasaply ýeňişler gazandy.Kubanyň ýygyndysyny 70 utan meksikanlar, Kanadanyň milli toparyny-da 31 hasabynda ýeňdi. 1-nji duşuşykda Antuna 3, Himenes 2, ikinji oýunda-da Guardado 2 gol geçirdi. “B” toparçada yklymyň esasy ýygyndylaryndan Kosta Rikanyň milli topary Nikaraguanyň torundan jogapsyz 4 pökgi girizdi. “C” toparçada ýer eýeleriniň biri bolan Ýamaýka Gondurasy kynlyk bilen 32 hasabynda ýeňdi. “D” toparçada ABŞ-nyň ýygyndysy Gaýanany 40 ýeňdi.Şu wagta çenli oýnalan duşuşyklaryň netijeleri: “A”: MeksikaKuba: 70, KanadaMartinik: 40; “B”: GaitiBermuda: 21, Kosta RikaNikaragua: 40, NikaraguaGaiti: 02, Kosta RikaBermuda: 21, “C”: KýurasaoSalwador: 01, ÝamaýkaGonduras: 32; “D”: PanamaTrinidad we Tobago: 20, ABŞGaýana: 40.

Ýene degişli makalalar

Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Katara iň köp argentin, portugal hem-de ispan tälimçileri gatnaşýar
Suwuň içindäki taryhy şäher