Katara iň köp argentin, portugal hem-de ispan tälimçileri gatnaşýar

Çempionata gatnaşýan 32 ýygyndynyň tälimçileri 24 ýurda wekilçilik edýär. 32 ýygyndynyň 23-si öz milletlerinden bolan tälimçi bilen gatnaşsa, 9 ýygyndynyň tälimçisi başga ýurduň wekilleridir.Argentinadyr Portugaliýadan hem-de Ispaniýadan 3 tälimçi Katar 2022-de çykyş eder.

Argentinanyň tälimçisi Lionel Skaloni, Meksikanyň tälimçisi Herardo Martino, Ekwadoryň tälimçisi Gustawo Alfaro argentinaly, Portugaliýanyň tälimçisi Fernando Santoş, Eýranyň tälimçisi Karloş Keýruş, Günorta Koreýanyň tälimçisi Paulo Bento portugaliýaly, Ispaniýanyň tälimçisi Luis Enrike, Belgiýanyň tälimçisi Roberto Martines hem-de Kataryň tälimçisi Feliks Sançes ispaniýaly tälimçilerdir.

Angliýa bilen Fransiýadan hem 2 tälimçi çempionata wekilçilik ederler.Didie Deşam (Fransiýa) bilen Herwe Renar (Saud Arabystany) fransiýaly, Garet Sautgeýt (Angliýa) bilenem Jon Herdman (Kanada) çempionatdaky iňlis tälimçilerdir.

Tälimçisi başga ýurtly bolan ýene bir topar hem Kosta Rikanyň ýygyndysy bolup, Demirgazyk Amerikanyň wekiline kolumbiýaly Luis Fernando Suares tälim berýär.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Kolumbiýada harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 66 adam ýogaldy
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Türkiye Ekwadora Kobra II sowutly ulaglary gowşurdy
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi