Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi

Günorta Amerikadaky Ekwadorda 15-nji oktýabrda geçirilen saýlawda ýeňiş gazanan Daniel Noboa ýurduň parlamentinde kasam kabul edip, wezipesine girişdi. “Milli demokratik hereketine” wekilçilik edýän Noboa saýlawyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanypdy.

Saýlanan Prezidente ýurduň Milli parlamentiniň başlygy Henri Kronfleniň Prezidentlik guşagyny gowşurmagy bilen, ol bu wezipäni Gilýermo Lassodan kabul edip aldy.

Şeýlelikde, ýurduň iň ýaş Prezidenti bolan 35 ýaşly Noboa bu ýerde eden çykyşynda esasy maksadynyň ýurdy öňe ilerletmekdigini mälim etdi. Ol ýurtda asudalygy saklamak üçin işsizlige çözgüt tapylmalydygyna ünsi çekip, “Ýüzbe-ýüz bolýan ähli kynçylyklarymyzy ýeňip biljekdigimize doly ynanýaryn” diýip belledi.

Täze Prezident bu wezipäni 2025-nji ýyla çenli dowam etdirer.

Kasam kabul edişlik dabarasyna Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro hem-de Latyn Amerikasy ýurtlarynyň Prezidentleriniň orunbasarlary we öp sanly daşary ýurtly diplomat gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Ekwadora Kobra II sowutly ulaglary gowşurdy
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
Ekwadorda Türkiýäniň Gözellikleri Sergisi Açyldy
Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi