Türkiye Ekwadora Kobra II sowutly ulaglary gowşurdy

Türk goranyş senagaty kärhanalarynyň biri bolan Otokar kärhanasy tarapyndan öndürilen 20 sany Kobra II taktiki tigirli sowutly ulag, Ekwadoryň Prezidenti Guillermo Lassonyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen bu ýurduň resmilerine gowşuryldy.

Ýurduň paýtagty Kito şäherindäki harby bazada geçirilen dabara Prezident Lasso bilen birlikde Türkiyäniň Kito şäherindäki Adatdn daşary we doly ygtyýarly ilçisi Makbule Başak Ýalçyn, Wise-prezident Alfredo Borrero, Daşary işler ministri Gustawo Manrike, Goranmak ministri Luis Lara, Daşary işler ministriniň orunbasary Karlos Larrea, Baş Ştabyň başlygy Nelson Proana we ýokary derejeli harby resmiler gatnaşdylar.

Lasso X sosial media hasabyndan Kobra II ulaglarynyň dabarada düşürilen suratlaryny paýlaşyp: "20 sany türk önümi bolan Kobra II taktiki tigirli sowutly ulagy Ýaragly güýçlere gowşurandygym üçin bagtyýardyryn. Oktýabr aýynyň ahyrynda ýene-de 15 sany Ural kysymly taktiki ulag geler" diýip habar berdi.

Lasso ýanyndaky döwlet işgäreri bilen harby ulaga ýakyndan gözegçilik etdi we münüp metbugat işgärleriniň öňünde surata düşdi.

Ýene degişli makalalar

Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi
Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Ekwadorda Bolan Ýer Titremesinde 13 Adam Ýogaldy