Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler

Futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky FIFA Dünýä Kubogyna düýn badalga berildi. Awstraliýadyr Täze Zelandiýada geçirilýän 9-njy Dünýä Kubogy ýaryşynyň ilkinji 2 duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

Täze Zelandiýa bilen Norwegiýany Wilkinsonyň 48-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şonuň ýaly beýleki ýer eýesi Awstraliýanyň ýygyndysy-da Irlandiýanyň ýygyndysyny iň kiçi hasap bilen ýeňmegi başardy. Awstraliýa ýeňiş getiren ýeke-täk goly 52-nji minutda penaltiden Katli geçirdi.

Şeýle-de, şu günki 3 duşuşygyň 2-si oýnalyp, “B” toparçada Nigeriýa bilen Kanadanyň ýygyndylary golsuz deňme-deň oýnady. “A” toparçada Şweýsariýa ýaryşyň debýutanty Filippinleri Bahmann (45 p) hem-de Piubeliň (64) gollary bilen 2-0 utdy.

Çempionata 6 yklymdan jemi 32 ýygyndy gatnaşýar. Ilkinjisi 1991-nji ýylda geçirilen çempionata ilkinji gezek 32 ýygyndy gatnaşýar. 1 aýlap dowam etjek çempionat 20-nji awgustda tamamlanar we çempionatyň ähli duşuşygy “Türkmenistan sport” teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Çempionatda 4 toparly 8 toparça bolup, her toparçalarda 1-2-nji orny eýelänler ýaryşy utulan-çykdy oýunlary esasynda dowam etdirerler.Duşuşyklar 9 şäherdäki 10 stadionda geçiriler.

Awstraliýanyň Sidneý (“Australia” 75 784 orunlyk, “Sydney” 40 583), Brisban (“Lang Park” 49 491), Melburn (“Melbourne Rectangular” 27 706), Pert (“Pert Rectangular” 18 727), Adelaide (“Hindmarsh” 13 557) şäherleri, Täze Zelandiýanyň Oklend (“Eden Park” 43 217), Wellington (“Wellington Regional” 33 132), Danidin (“Forsyth Barr” 25 947) hem-de Hamilton (“Waikato” 18 009) şäherleri çempionatyň geçiriljek ýerleridir.

Final duşuşygy Sidneýdäki “Australia” stadionynda oýnalar.

Soňky 2 ýaryşyň ýeňijisi, umumylykda 4 çempionlygyň eýesi ABŞ-nyň ýygyndysy çempionlygyň esasy dalaşgäri diýlip hasaplanýar. Şeýle-de, Germaniýadyr Angliýanyň, Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň ýygyndylary hem esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilýär.

Çempionatyň umumy baýrak gaznasy 110 million dollara deňdir. Çempion bolan ýygyndy 10,5 million, finalçy 7,5 million dollar pul baýragy bilen sylaglanar.

Aziýadan Filippinleriň, Wýetnamyň, Afrikadan Marokkonyň, Zambiýanyň, Demirgazyk Amerika we Kariblerden Gaitiniň, Panamanyň, Ýewropadan Portugaliýanyň hem-de Irlandiýanyň ýygyndylary Dünýä Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýar.

Mundan öňki 8 çempionatda ABŞ-nyň ýygyndysy 4, Germaniýanyň ýygyndysy 2, Norwegiýadyr Ýaponiýanyň ýygyndylary-da 1 gezek çempionlyk gazandy. Ady agzalan ýygyndylar bilen bir hatarda, Şwesiýadyr Braziliýa, Hytaý hem-de Niderlandlar 1 gezek finalda utuldy.

A TOPARÇA: Täze Zelandiýa, Norwegiýa, Filippinler, Şweýsariýa

B TOPARÇA: Awstraliýa, Irlandiýa, Nigeriýa, Kanada

C TOPARÇA: Ispaniýa, Kosta Rika, Zambiýa, Ýaponiýa

D TOPARÇA: Angliýa, Gaiti, Daniýa, Hytaý

E TOPARÇA: ABŞ, Wýetnam, Niderlandlar, Portugaliýa

F TOPARÇA: Fransiýa, Ýamaýka, Braziliýa, Panama

G TOPARÇA: Şwesiýa, Günorta Afrika, Italiýa, Argentina

H TOPARÇA: Germaniýa, Marokko, Kolumbiýa, Günorta Koreýa

Ýene degişli makalalar

Ýaşamak üçin amatly şäherler
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi
Tennis täzelikleri
TENNIS TÄZELIKLERI
Iň uzak uçuş synagdan geçiriler