Ýaşamak üçin amatly şäherler

/* custom css */ .td_uid_19_60c2a9f25b065_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c2a9f25b065_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 The Economist Intelligence Unit atly maslahat beriş kompaniýasy ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň sanawyny taýýarlady.

Sanawda Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki şäherler agdyklyk edýär.Bilermenler sanawy taýýarlanynda 30-dan gowrak ölçegden peýdalanypdyrlar.Olaryň arasynda durnuklylyk, saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterlilik, medeniýet we daşky gurşaw, bilim we infrastruktura öňe saýlanýar.

Sanawyň başyny Täze Zelandiýanyň 1,3 million ilatly Oklend şäheri çekýär.Ilkinji onlukda Awstraliýadan 4 şäher bar.Ikinji ýeri Ýaponiýanyň Osaka, üçünji orny Awstraliýanyň Adelaýda şäheri eýeleýär.

Wellington (Täze Zelandiýa) we Tokio (Ýaponiýa) sanawda ilkinji bäşligi jemleýär.Ilkinji onluga Pert (Awstraliýa), Sýurih (Şweýsariýa), Ženewa (Şweýsariýa), Melburn (Awstraliýa) we Brisben (Awstraliýa) şäherleri hem degişlidir.Selbi GURBANOWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
ATP-2021 möwsüminiň ilkinji ýedi hepdesiniň senenamasy kesgitlenildi