Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher

Wena ýaşaýyş derejesi boýunça dünýäniň iň gowy şäheri diýen ady saklap, “Economist Economist Intelligence Unit” (EIU) britan žurnalynyň seljeriş bölüminiň sanawynda ýene-de öňdäki orny eýeledi. “Global Liveability Index 2023”-iň hasabaty EIU tarapyndan tanyşdyryldy.

Awstriýanyň paýtagty 172 şäheriň sanawynda Kopengagenden (2-nji ýer), Melburndan we Sidneýden öňde durýar. Hünärmenler dünýäniň şäherlerindäki ýaşaýyşyň derejesine ösüşiň durnuklylygy, medeniýet, ekologiýa, saglygy goraýyş, bilim we infrastruktura ýaly birnäçe görkezijiler esasynda baha berdiler we deňeşdirdiler.

Awstraliýanyň 3-nji we 4-nji orunlary eýelän iň uly şäherleri geçen ýyl ýitiren orunlaryny yzyna gaýtaryp aldylar (degişlilikde, 10-njy we 13-nji orun). Şu ýyl ilkinji bäşlige girenleriň arasynda Wankuwer bar.

Geçen ýyl EIU-nyň sanawynda 34-nji orny eýelän Oklend şäheri, Sýurihi we Ženewany (6-njy we 7-nji), şeýle hem Kalgarini we Torontony (7-nji we 9-njy) öňe goýberip, Osaka bilen 10-njy orny paýlaşdy.

EIU-niň sanawyny Alžir, Tripoli we Damask jemleýär.

Ondan öň Wena birnäçe ýyl bäri yzly-yzyna ýaşamak üçin iň amatly şäher diýen ada eýe bolupdy, ýöne 2021-nji ýylda ol bu ornuny Oklende berdi we 2022-nji ýylda birinji ornuny yzyna gaýtaryp aldy.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Ýaşamak üçin amatly şäherler
Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Türkmenistan Ählumumy asudalyk indeksinde ýokary galdy