Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi

Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi

Wena iki ýyllyk arakesmeden soň ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäheri bolmak bilen, reýtingiň birinji ornuna gaýdyp geldi. Bu barada The Economist Intelligence Unit (EIU) tarapyndan geçirilen gözlegde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.

Bu ýyl reýtinge 33 sany täze şäher goşuldy, olaryň 11-si Hytaýyň şäherleridir.Geçen ýylky reýtingiň lideri Täze Zelandiýanyň Oklend şäheri bolupdy, ol Täze Zelandiýada we Awstraliýada koronawirus lokdaunlarynyň beýleki ýurtlara garanyňda has ir ýatyrylandygy üçin birinji orny eýeläpdi. Ýöne dünýäde kafeleriň, restoranlaryň we beýleki edaralaryň işiniň gaýtadan dikeldilmegi bilen Oklend reýtingde birbada 33 orun aşak düşdi, dördünji orny eýelän Wellington bolsa 46 orun aşak düşdi.

Awstraliýanyň Adelaida we Pert şäherleri ilkinji onlukdan çykdy.Bu ýyl sanawda ikinji orny Kopengagen eýeledi, üçünji orny Sýurih bilen Kalgari paýlaşdy, bäşinji orunda Wankuwer ýerleşdi. Şeýle-de, ilkinji onluga Ženewa, Frankfurt, Toronto, Amsterdam, Osaka we Melburn girdi.

Reýtingde Germaniýanyň şäherleri güýçli ösüşi görkezdi.Frankfurt 32 orun, Gamburg 31 orun (16-njy orna), Dýusseldorf 28 orun (22-nji orna) ýokary galdy.London 28 orun, reýtingiň 33-nji ornuna çenli, Mançester 27 orun, 28-nji orna çenli ýokary galdy. Ýaşaýyş üçin iň ýaramaz şäher iň soňky 172-nji orny eýelän Siriýanyň Damask şäheri boldy. Şeýle-de, bu hatarda Lagos, Tripoli, Alžir, Karaçi we Port-Morsbi ýaly Afrikanyň we Aziýanyň garyp döwletleriniň paýtagtlary bar. Ýaşaýyş üçin dünýäniň iň amatly şäherleriniň sanawy EIU tarapyndan bäş kategoriýa bölünen 30-dan gowrak faktor göz öňünde tutulyp düzüldi durnuklylyk, saglygy goraýyş, medeniýet we ekologiýa, bilim we infrastruktura. Şeýlelikde, Wenanyň ortaça indeksi 100-den 99,1 punkt, Damaskyňky 30,7 punkt boldy.

Ýene degişli makalalar

Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Ýaşamak üçin amatly şäherler
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler