Tennis täzelikleri

Toparlaryň arasynda geçirilýän “Hopman” kubogyny şweýsariýaly tennisçiler gazandy.Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirilen bäsleşigiň finalynda Şweýsariýa bilen Germaniýa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Rojer Federer bilen Belinda Bençiç ikisi germaniýaly Aleksander Zwerew hem-de Anjelika Kerberden 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Federer Zwerewi 2:1, Kerber bolsa, Bençiçi 2:0 hasabynda utdy.Jübütleýin jemleýji oýunda-da şweýsariýalylar 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 30-njy gezek geçirilen “Hopman” kubogynda 2001-nji ýyldan soň, 2-nji ýola çempion boldy.* * *Awstraliýanyň başga bir şäheri Brisbanda geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda ukrainaly Elina Switolina çempion boldy. 23 ýaşly tennisçi finalda belarusly Aliaksandra Sasnowiçi 6:2 we 6:1 hasaplary bilen ýeňip, karýerasyndaky 10-njy WTA çempionlygyny gazandy.

Erkekleriň arasynda-da Täze zelandiýaly Nik Kirgios finalda amerikaly Raýan Harrisondan 2:0 hasabynda üstün çykyp, 4-nji gezek bir bäsleşikde kubogy asmana göterdi.* * *Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde geçirilen “ASB Classic Açyk” çempionatynda germaniýaly zenan tennisçi Juliýa Görges ýeňiş gazandy.

Ol final duşuşygynda daniýaly Karolina Wozniaskini 2 setiň dowamynda utup, 5-nji WTA çempionlyk kubogyny eýeledi.Bu ýerde erkekleriň arasyndaky ýaryş hem şu hepdäniň ahyrynda tamamlanar.* * *Hytaýda geçirilen “Şençžen Açyk” zenanlar tennis bäsleşiginde rumyniýaly Simona Halep çempion boldy. 27 ýaşyndaky tennisçi finalda geçen ýylyň çempiony çehiýaly Katerina Sinýakowany 2:1 (6:1, 2:6, 6:0) hasabynda ýeňdi.

Karýerasyndaky 16-njy kubogyny eýelän Halep bu ýerde 2015-nji ýylda-da ýeňiş gazanypdy.* * *Hindistanyň Pune şäherinde geçirilen erkekleriň arasyndaky “Maharaştra Açyk” bäsleşigi fransiýaly Žill Simonyň ýeňşi bilen tamamlandy. 33 ýaşyndaky tennisçi finalda Günorta afrikaly Kewin Andersony 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu onuň 13-nji kubogydyr.* * *“Katar Açyk” erkekleriň arasyndaky ýaryşyň finalynda fransiýaly Gael Monfils bilen russiýaly Andreý Rublew duşuşdy. 6:2 we 6:3 hasaplary bilen ýeňiş gazanan Monfils 7-nji ATP kubogyny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

TENNIS TÄZELIKLERI
Jokowiçiň 13-nji, Kerberiň 3-nji “Uly tuwulgasy”
Iň köp girdeji gazanan zenan türgenler
Möwsümi Switolina jemledi
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy