Jokowiçiň 13-nji, Kerberiň 3-nji “Uly tuwulgasy”

132-nji gezek geçirilen “Wimbledon” tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky finalda serbiýaly Nowak Jokowiç bilen Günorta afrikaly Kewin Anderson duşuşdy. 2 sagat 19 minutda tamamlanan finalda Jokowiç garşydaşyny 3 setiň dowamynda 3:0 (6:2, 6:2, 7:5) hasabynda ýeňip, karýerasyndaky 13-nji “Uly tuwulga” kubogyny asmana göterdi.

Geçen ýyl şikesiniň-de täsiri bilen ýeke “Uly tuwulgada-da” başarnyk görkezip bilmedik 31 ýaşyndaky Jokowiç ozalam bu ýerde 2011-nji, 2014-nji hem-de 2015-nji ýyllarda çempion bolupdy.

ATP-niň ýaryşlaryndaky 69-njy ýeňşini baýram eden Jokowiç “Awstraliýa Açykda” 6, “Fransiýa Açykda” 1 hem-de “Amerika Açykda-da” 2 gezek çempionlyk gazanypdy.Bu ýaryşdan soň, sanawda täzeden ilkinji onluga gaýdyp gelen Nowak Jokowiç ýarym finalda Rafael Nadaldan 5 setde üstün çykdy (6:4, 3:6, 7:6, 3:6, 10:8). “Wimbledonda” ilkinji, “Uly tuwulgalarda” 2-nji gezek finala çykan Kewin Anderson ýarym finalda amerikaly Jon Isner bilen duşuşdy. 6 sagat 36 minutlap dowam eden oýunda Kewin Anderson 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu duşuşyk “Wimbledonyň” taryhyndaky iň uzak wagtlap dowam eden 2-nji duşuşyk diýlip hasaba alyndy.Anderson çärýek finalda-da rowaýaty Rojer Federeri 3:2 ýeňipdi. Ýeri gelende aýtsak, tennisiň taryhyndaky iň uzak wagtlap dowam eden oýunda Jon Isner bilen fransiýaly Nikolas Mahut duşuşypdy. 2010-njy ýylda “Wimbledonyň” 1-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen bu oýun 3 günläp dowam edipdi.

Netijede, 11 sagat 5 minutda tamamlanan duşuşykda Jon Isner 3:2 (6:4, 3:6, 6:7, 7:6, 70:68) hasabynda ýeňiş gazanypdy.Möwsümiň 3-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Wimbledonda” zenanlaryň arasynda germaniýaly Anjelika Kerber çempion boldy.

WTA-nyň sanawynyň öňdäki tennisçileriniň ilkinji 3 tapgyrda utulyp gaýdan ýaryşynyň finalynda Kerber amerikaly Serena Williams bilen duşuşdy. 1 sagat 5 minutlap dowam eden finalda 30 ýaşly Kerber geçen ýylyň sentýabrynda ene bolan Williamsy 2 setiň dowamynda ýeňlişe sezewar etdi. 2 setde-de 6:3 hasaplar bilen üstün çykan Kerber “Wimbledondaky” ilkinji çempionlygyny gazandy.

Ol bu ýerde 1996-njy ýylda ýeňiji bolan Şteffi Grafdan soň, “Wimbledonda” çempionlyk kubogyny eýelän ilkinji germaniýaly tennisçi boldy. Şeýlelikde, Anjelika Kerber karýerasyndaky 3-ni “Uly tuwulgasyny” gazandy.Bu onuň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 12-nji çempionlygy bolup, ol Wenus Williamsdan soň, Serena Williamsy “Uly tuwulga” finalynda 2-nji gezek ýeňen 2-nji tennisçi diýen ady eýeledi.

Kerber 2016-njy ýylda “Awstraliýa Açykda” hem-de “Amerika Açykda” ýeňiji bolupdy. 36 ýaşyndaky Serena Williams bolsa, 24-nji “Uly tuwulgasyny” gazanyp, Margaret Kortuň rekordyna şärik bolmak mümkinçiligini elden giderdi.Umumy pul gaznasy 34 million funt sterlinge deň bolan “Wimbledonda” bu ýyl zenandyr erkek çempionlaryň hersine aýratynlykda 2,250 million funt sterling pul sylagy berildi.

Ýene degişli makalalar

Iň köp girdeji gazanan zenan türgenler
Sportuň taryhynda bu hepde
“Indian Wells Masters”-iň täze ussatlary
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy
TENNIS TÄZELIKLERI