Möwsümi Switolina jemledi

Singapurda geçirilen zenanlaryň arasyndaky ýylyň jemleýji bäsleşigi bolan “WTA Finals” ýaryşynda ukrainaly Elina Switolina ýeňiş gazandy.Ol 2 sagat 25 minutlap dowam eden finalda amerikaly Sloan Stefensden 3 setde üstün çykdy. 1-nji setde amerikaly tennisçi 6:3 öňe saýlansa-da, Switolina garşydaşyny 23-nji setlerde 6:2 hasaplar bilen ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, 24 ýaşly Switolina karýerasynda ilkinji gezek ýylyň jemleýji ýaryşynda çempionlyk gazandy.

Bu onuň WTA ýaryşlaryndaky 13-nji çempionlygydyr.Ol umumy baýrak gaznasy 7 million dollara deň bolan bu ýaryşdan soň, umumy sanawda 4-nji orna beýgeldi.Switolina ýeňiji hökmünde 1,2 million pul baýragy bilen sylaglandy.

Jübütleriň arasynda-da fransiýaly Kristina Mladenowiç bilen rumyniýaly Timea Babos finalda çehiýaly Barbora Kreýçikowa bilen Katerina Siniakowa ikisinden üstün çykmagy başardy (6:4, 7:5).1971-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu ýaryşa reýtingiň iň gowy 8 tennisçisi gatnaşýar. 43-nji gezek geçirilen ýaryşda şu ýyl “Gyzyl” toparçada amerikaly Sloan Stefens, gollandiýaly Kiki Bertens, fransiýaly Anjelika Kerber, ýaponiýaly Naomi Osaka, “Ak” toparçada-da ukrainaly Elina Switolina, daniýaly Karoline Wozniaski hem-de çehiýaly tennisçiler Petra Kwitowa bilen Karolina Plişkowa dagy çykyş etdiler. Ýaryş indiki ýyl Hytaýyň Şenzen şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Tennis täzelikleri
Möwsümi Barti jemledi
Ussatlaryň ýeňijisi — Jokowiç
Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
“Rojers” kubogynyň ýaş çempionlary