TENNIS TÄZELIKLERI

“Hopman” kubogynyýene-de Şweýsariýa gazandyTennis boýunça Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirilen “Hopman” kubogyny şweýsariýaly tennisçiler Rojer Federer bilen zenan raketkaçy Belinda Bençiç eýeledi.Olar bu ýyl hem finalda germaniýaly tennisçileri Aleksandr Zwerew bilen Anjelika Kerberi 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Federer Zwerewi 6:4, 6:2 hasaplar bilen utýar.Kerber bolsa, Bençiçi 6:4, 7:6 hasaplar bilen ýeňip, umumylykda hasaby deňleýär.Jübütleriň duşuşygynda-da şweýsarlar germaniýaly kärdeşlerinden 2:1 (4:0, 1:4, 4:3) üstün çykyp, kubogy bassyr 2-nji gezek eýeleýärler.

Bu ýeňiş Federeriň “Hopman” kubogyndaky 3-nji, Bençiçiň 2-nji ýeňşidir. Şeýlelikde, Şweýsariýanyň ýygyndysy 1992-nji, 2001-nji we 2018-nji ýyldan soň, 4-nji ýola “Hopman” kubogyna mynasyp boldy.

Bir erkek, birem zenan tennisçiden ybarat ýygyndy toparlaryň arasynda guralýan ýaryş bolan “Hopman” kubogy şu ýyl 31-nji sapar guraldy.Bu ýaryşda iň köp ABŞ-nyň ýygyndysy ýeňiş gazandy.

Iki tennisçiniň-de 12-nji kubogy“Brisbane” (Awstraliýa) halkara tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda ýaponiýaly Kei Nişikori, zenanlardanam çehiýaly Karolina Plişkowa çempion boldy.Bu ýeňiş 2 tennisçiniň hem karýeralaryndaky 12-nji çempionlygy diýlip, hasaba alyndy. Ýaponiýaly tennisçi finalda Daniil Medwedewi 2:1 (6:4, 3:6, 6:2) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Zenanlaryň arasyndaky ýeňiji Plişkowa bolsa, final duşuşygynda ukrainaly Lesia Surenkodan 2:1 (4:6, 7:5, 6:2) hasabynda üstün çykdy.Oklendde çempion üýtgemediTäze Zelandiýanyň Oklend şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilen “Açyk” tennis ýaryşynda çempion bu ýyl hem üýtgemedi.

Germaniýaly Ýuliýa Görges finalda kanadaly Býanka Andreeskudan 2:1 hasabynda üstün çykdy.Nemes tennisçisi 1-nji setde 6:2 ýeňildi. 2-nji setde 7:5 ýeňiş gazanyp, hasaby deňlän Görges final setinde-de 6:1 öňe saýlandy we Oklendde bassyr 2-nji çempionlygyna mynasyp boldy. 30 ýaşly tennisçi karýerasy boýunça 7-nji kubogyny asmana göterdi.* * *Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen zenanlaryň arasyndaky “Açyk” tennis bäsleşiginiň finalynda Aryna Sobolenko (Belarus) bilen Alison Risk (ABŞ) duşuşdy. 7-nji ýola geçirilýän ýaryşyň finalynda Ýewropanyň wekili 1-nji setde utulsa-da, soňky 2 setde garşydaşyndan üstün çykyp, karýerasyndaky 3-nji WTA çempionlygyny baýram etdi. 28 ýaşly Risk “Şençžen Açykda” 3-nji gezek finalda utuldy.* * *Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen erkekleriň arasyndaky “Maharaştra Açyk” tennis bäsleşiginde Günorta Afrika wekilçilik edýän Kewin Anderson ýeňiş gazandy.

Ol finalda horwatiýaly Iwo Karlowiçi taý-brege giden 3 setde 2:1 (7:6, 6:7, 7:6) hasabynda utmagy başardy.Andersonyň bu ýaryşdan öň ATP bäsleşiklerinde 5 ýeňşi bardy.* * *Erkekleriň arasyndaky “Katar Açyk” tennis ýaryşynda ispaniýaly Roberto Bautista-Agut ýeňiji boldy.

Ol finalda çehiýaly Tomaş Berdyhy 2:1 (6:4, 3:6, 6:3) hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi.Bu onuň ATP ýaryşlaryndaky 9-njy çempionlygydyr.

Ýene degişli makalalar

Tennis täzelikleri
28.08.2018 | Türkmenistanda halkara pudaklaýyn sergi we maslahat geçirilýär
Türkmenistanda halkara pudaklaýyn sergi we maslahat geçirilýär
23.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine