Iň köp girdeji gazanan zenan türgenler

Forbes žurnaly 2018-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenlerini mälim etdi.Sanawda 23 “Uly tuwulga” gazanan amerikaly Serena Williams 1-nji ýeri eýeledi.Ol geçen ýylyň iýunyndan şu ýylyň iýunyna çenli aralykda 18,1 million dollar gazandy. Çagasy bolany üçin 14 aý töweregi tennis ýaryşlaryna gatnaşyp bilmedik 36 ýaşly Serena Williams degişli döwürde bäsleşiklerden bary-ýogy 62 müň dollar girdeji toplady.

Muňa garamazdan, sanawda 1-nji ýeri eýelän tennisçi girdejisiniň hemmesini-de mahabatlardan gazandy.Ilkinji onlugyň başdaky 6-syny, umumylykda-da 8-sini tennisçileriň düzen sanawynda daniýaly Karolina Wozniaski, amerikaly Sloane Stefens, ispaniýaly Garbine Muguruza, russiýaly Mariýa Şarapowa hem-de amerikaly Wenus Williams 10,2—13 million dollar arasynda girdeji toplady.

Hindistanly badmintonçy, Rio 2016-nyň kümüş medalynyň eýesi Pusarla Wentaka Sindhu 8,5 million dollarlyk gazanjy bilen 7-nji, WTA-nyň sanawynyň 1-njisi, rumyniýaly tennisçi Simona Halep 8-nji, amerikaly sürüji Danika Patrik 9-njy ýeri eýeledi.

Germaniýaly tennisçi Anjelika Kerber bolsa, 7 million dollarlyk girdejisi bilen onlugy jemleýän türgen boldy.

Ýene degişli makalalar

Möwsümi Switolina jemledi
Jokowiçiň 13-nji, Kerberiň 3-nji “Uly tuwulgasy”
Tennis täzelikleri
Sportuň taryhynda bu hepde
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy