Ýewropa ligasynda çärýek finalçylar belli boldy

Ýewropa ligasynda 1/8 finalyň galan 4 oýny-da oýnalyp, çärýek finalçylaryň ählisi belli boldy.Düýnki oýunlaryň 3-si birmeňzeş hasap bilen tamamlandy.Olaryň 3-si hem 1-nji oýunda özlerine gerek bolan netijäni gazanypdylar. Ýagny myhmançylykda 3 gol geçiren “Baýer” öz meýdançasynda “Reýnjersi” Diabiniň 51-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi.

Edil şonuň ýaly, myhmançylykda 3-0 ýeňiş gazanan “Bazel” öz meýdançasynda “Aýntrahty” Freýiň soňky minutlarda geçiren goly bilen ýeňşini baýram etdi.Gresiýada 1-1 deňme-deň oýnan “Wulwerhempton” Angliýada “Olimpiakosy” iň kiçi hasap bilen utup, çärýek finalçylaryň hataryna goşuldy.

Iňlis klubuna ýeňiş getiren goly 9-njy minutda Raul Himenes penaltiden öz adyna ýazdyrdy. 1-nji duşuşygy oýnalmadyk oýunda-da “Sewilýa” topary “Romany” Reguilon hem-de En-Nesiriniň gollary bilen 2-0 utup, ýaryşdan çykardy. Şeýlelikde, 10-11-nji awgustda Germaniýada oýnaljak çärýek finalda “Şahtýor”“Bazel”, “Mançester Ýunaýted” “Kopengagen”, “Inter”“Baýer” hem-de “Wulwerhempton”“Sewilýa” duşuşyklary geçiriler.

Baýer Reýnjers: 1-0 (3-1) /Diabi 51/

Bazel Aýntraht”: 1-0 (3-0) /Freý 88/

Wulwerhempton Olimpiakos: 1-0 (1-1) /Raul Himenes 9 p/

Sewilýa Roma: 2-0 /Reguilon 22, En-Nesiri 44/

Çärýek finalyň oýunlary

10-njy awgust (00:00): Mançester Ýunaýted Kopengagen (Köln)

10-njy awgust (00:00): Inter Baýer (Düsseldorf)

11-nji awgust (00:00): Wulwerhempton Sewilýa (Gelsenkirhen)

11-nji awgust (00:00): Şahtýor Bazel (Duisburg)

Ýene degişli makalalar

Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
Durzup bolmaýan “Aston Willa”
Londonda golsuz gije
“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär
Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda