Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda

Indiki ýylyň tomsunda Russiýada geçiriljek futbol boýunça Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyry ýokary depginde dowam edýär.Aziýa zolagynda toparçadaky 8-nji oýunlar oýnaldy. “A” toparçada öz meýdançasynda Özbegistanyň ýygyndysyny Serdar Azmun (23) hem-de Tareminiň (88) gollary bilen 20 hasabynda utan Eýranyň milli topary wagtyndan öň Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunlukda, Eýranyň ýygyndysy çempionata gatnaşmaga hukuk alan 2-nji topar bolup, olar 5-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş ederler.

Mälim bolşy ýaly, öňki tapgyrlarda Günorta Amerikanyň wekili, Dünýäniň 5 gezek çempiony Braziliýanyň ýygyndysy Russiýadaky futbol baýramçylygyna 1-nji bolup adyny ýazdyrypdy.“B” toparçada hem myhmançylykda Yrak bilen deňme-deň oýnan Ýaponiýanyň ýygyndysy Awstraliýadyr Saud Arabystanynyň milli toparlaryndan bir ädim öňe saýlandy.

“A” toparça: EýranÖzbegistan: 20, SiriýaHytaý: 22, KatarG.Koreýa: 32;“B” toparça: AwstraliýaS.Arabystany: 32, TailandBAE: 11, YrakÝaponiýa: 11.* * *KONKAKAF zolagynda Meksikanyň ýygyndysy Gondurasy 30 hasabynda utdy (Alanis 35, Lozano 63, Himenes 66).

Olar soňky oýnunda-da ABŞ-nyň ýygyndysy bilen 1 utugy paýlaşdylar (11; Wela 23 —Bredli 6).Geçirilen 6 duşuşykdan soň, Meksika 14 utuk bilen 1-nji hatarda barýar.

Kosta Rikanyň 11, ABŞ-nyň hem 8 utugy bar.Toparçada ýygyndylar ýene-de 4 duşuşyk geçirerler.ABŞTrinidad we Tobago: 20, Kosta RikaPanama: 00, MeksikaGonduras: 30; MeksikaABŞ: 11, PanamaGonduras: 22, Kosta RikaTrinidad we Tobago: 21.

Ýene degişli makalalar

3 yklym çempionat
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
“Altyn Kuboga” Meksikanyň ýygyndysy mynasyp boldy
Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda
Meksikanyň nobatdaky üstünligi
Amerikan Döwletleri Guramasy Ukrainany goldadylar