“Altyn Kuboga” Meksikanyň ýygyndysy mynasyp boldy

Futbol boýunça Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karibleriň çempionaty bolan KONKAKAF “Altyn Kubok” (CONCACAF Gold Cup) ýaryşynyň finalynda Meksika bilen Panamanyň ýygyndylary duşuşdy. Kalirforniýadaky “SoFi” stadionynda 72 müň 963 janköýeriň şaýatlygynda geçen finalda Meksikanyň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Meksikanlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 88-nji minutda Santiago Himenes geçirdi.

Şeýlelikde, Meksikanyň ýygyndysy KONKAKAF Altyn Kubok ady bilen 17-nji gezek geçirilen ýaryşda umumylykda 12-nji gezek çempion bolmagy başardy.

Panamanyň ýygyndysy bolsa 2005-nji we 2013-nji ýyllardan soň 3-nji gezek finalda asgyn geldi. Panamanyň ýygyndysy ýarym finalda ABŞ-nyň ýygyndysyny penaltileriň netijesinde ýeňipdi (1-1, 5-4 p).

16 ýygyndynyň gatnaşan ýaryşyna Kataryň ýygyndysy hem myhman topar hökmünde çagyryldy. Çempionatda 7 gezek tapawutlanan Hesus Ferreýra iň netijeli futbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda
3 yklym çempionat
Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda
Meksikanyň nobatdaky üstünligi
Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy
“Atlanta” Messiniň gol geçiren 100-nji kluby