Meksikanyň nobatdaky üstünligi

Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibler zolagynyň ýaryşy bolan KONKAKAF “Altyn kubogyny” (CONCACAF Gold Cup) ýene-de Meksikanyň ýygyndysy eýeledi.Meksikanlar Çikagodaky “Soldier Field” stadionynda oýnalan finalda ýer eýeleri ABŞ-nyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşygyň ilkinji ýarym sagadynda amerikanlar 3 sany örän amatly pursatdan peýdalanyp bilmediler. 1-nji ýarymy 00 gutaran oýunda meksikanlara ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 73-nji minutda Raul Himenesiň owadan pasyndan soň, Jonatan Dos Santos derwezä girizdi.

Oýnuň ahyrky minutlarynda-da ýer eýeleriniň eden hüjümleri öz netijesini bermedi.Gwatemalaly emin Mario Eskobaryň jürlewük çalan oýnuna 62493 janköýer tomaşa etdi. Şeýlelikde, 10 hasabynda ýeňiş gazanan Meksikanyň ýygyndysy 4 ýyldan soň, ýene-de “Altyn kubogy” asmana göterdi.

Bu olaryň umumylykda 11-nji çempionlygy bolup, 6 kubogyň eýesi ABŞ-dan arany ýene-de açmagy başardylar.Meksikanyň ýygyndysy umumylykda 25-nji, KONKAKAF “Altyn kubogy” ady bilen 15-nji gezek geçirilen ýaryşda jemi 11 çempionlyk gazandy.

Olaryň 3-si, 1991-nji ýyldan ozal, KONKAKAF çempionaty ady bilen geçirilýän döwürlerinde gazanylan çempionlyklardyr.Çempionatyň dowamynda 6 gezek tapawutlanan kanadaly Jonatan Dewid iň netijeli oýunçy, meksikaly Raul Himenes bolsa, bäsleşigiň iň ökde oýunçysy baýraklaryna laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda
“Altyn Kuboga” Meksikanyň ýygyndysy mynasyp boldy
Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda
3 yklym çempionat
Üç transfer habary
Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy