2023-nji ýylda 46,5 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy

2023-nji ýylda 46,5 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy

2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň 66 göterimi türkmenistanlylar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda 70.4 müň sany daşary ýurtly täjirçilik we söwda maksatlary bilen Özbegistana bardy. Şonuň 46,5 müň sanysy ýa-da 66 göterimi Türkmenistanyň raýatlarynyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, goňşy ýurda täjirçilik we söwda maksatlary bilen barýan raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan birinji orny eýeledi. Şeýle-de bu sanawda ilkinji bäşlikden Täjigistan (14,8 müň), Owganystan (1,9 müň), Türkiýe (1 müň) hem-de Hytaý (1 müň) orun alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, bilermenler soňky bir ýylyň dowamynda söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barýan türkmenistanlylaryň sanynyň görnetin artmagynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has işjeňleşmegini sebäp edip görkezýärler. Munuň şeýledigini türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ýylsaýyn artýandygy hem tassyklaýar.

Mundan ozal Turkmenportal 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 1 milliard dollardan gowrak bolandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert we baýramçylyk çäreleri geçirildi
Hazaryň türkmen kenarynda şu ýylyň ilkinji düwlenleri peýda boldy
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal