2023-nji ýylyň iň meşhur howa gatnaw ugry agzaldy

2023-nji ýylyň iň meşhur howa gatnaw ugry agzaldy

Tamamlanyp barýan ýylda dünýäde iň meşhur awiauçuş ugry Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur arasyndaky gatnaw boldy. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Şunda iki tarapa uçarlarda elýeterli bolan orunlaryň sany 4,9 milliona ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 1,5 esse köpdür. Iki şäheriň arasynda uçuş wagty takmynan bir sagat dowam edýär.

Ikinji orunda Kair Jidda, üçünji orunda Gonkong Taýbeý ugurlary ýerleşdi. Bilermenler şeýle-de Seul Osaka we Seul Tokio gatnawlarynda uçarlarda orunlaryň sanynyň artandygyny habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpura hepdede iki gezek howa gatnawlaryny amala aşyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Umra gitjek bolýan türkmenistanlylar ýurtdan çykmak we puluny yzyna almak kynçylygyny çekýär
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi