2023-nji ýylyň sport kalendary

Sport äleminde 2022-nji ýyl ýatdan çykmajak wakalara baý boldy.Geçen ýylyň jübüt ýyl bolmagy zerarly 2 iri sport çäresi geçirildi.Olaryň ilkinjisi gyşky Olimpiýa oýunlary, beýlekisi bolsa Katarda geçirilen futbol boýunça 22-nji Dünýä Kubogy ýaryşydyr.

Iki çäre hem guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. 2023-nji ýylyň täk ýyl bolmagy zerarly esasy iri bäsleşikler bu ýyl geçirilmez. Ýöne muňa garamazdan, ilki gyşky, soňra tomusky Uniwersiadalar, FIFA U-20 Dünýä Kubogy, basketbol boýunça Dünýä Kubogy, regbi boýunça Dünýä Kubogy, zenanlaryň arasyndaky FIFA Dünýä Kubogy, suw sportlary boýunça, ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatlary, şeýle-de, Aziýa yklymynda-da futbol boýunça Aziýa Kubogy, Aziýa oýunlary, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 6-njy Aziýa oýunlary ýaly sport çäreleri ýylyň öňe saýlanýan ýaryşdyr bäsleşikleri hasaplanýar.

Bulardan başga-da, adatça her ýyl geçirilýän ýaryşlar häzir dowam edýän Dakar Rallisi, Formula 1 Dünýä çempionaty, tennis boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlary, futbol UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyrlary, NBA Pleý-off tapgyry ýaly bäsleşikler hem sport muşdaklarynyň esasy üns merkezinde bolar. Şeýle-de, bu ýylky geçiriljek ýaryşlaryň iň esasy aýratynlygy-da geljek ýyl Parižde guraljak tomusky Olimpiada gatnaşmaga mümkinçilik berýän bäsleşikler bolmagy bellenmäge mynasypdyr.

Başgaça aýdylanda, Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň, toparlaryň köpüsi diýen ýaly şu ýylky ýaryşlarda, çempionatlarda kesgitlener.Türgenler şu ýylky görkezjek başarnyklaryna, gazanjak üstünliklerine görä, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ygtyýar alarlar.

31-nji dekabr 15-nji ýanwar: 45-nji Dakar Rallisi (Saud Arabystany)

12-22-nji ýanwar: XXX gyşky Uniwersiada (Leýk Plasid ABŞ)

13-29-njy ýanwar: Ot hokkeýi boýunça erkekleriň arasynda 15-nji Dünýä Kubogy (Bhubaneswar, Rourkela Hindistan)

16-29-njy ýanwar: 111-nji “Awstraliýa Açyk” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (Melburn Awstraliýa)

19-22-nji ýanwar: Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki ilkinji ýaryşy (Monte Karlo Monako)

23-29-njy ýanwar: Figuralaýyn typmak boýunça Ýewropa çempionaty (Espoo Finlýandiýa)

1-11-nji fewral: FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy (Marokko)

12-nji fewral: LVII Super Bowl duşuşygy (Arizona ABŞ)

19-njy fewral: 72-nji NBA All Star duşuşygy (Solt Leýk Siti ABŞ)

19-njy fewral: 65-nji NASKAR Kubogynyň möwsümdäki ilkinji ýaryşy “Daýtona 500” (Florida ABŞ)

1-18-nji mart: Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky (U-20) Aziýa Kubogy (Özbegistan)

5-nji mart: Formula 1 boýunça 74-nji möwsümiň ilkinji Gran Prisi (Sakhir Bahreýn)

17-19-njy mart: Futzal boýunça Ýewropa çempionatynyň final tapgyry (Wengriýa)

20-26-njy mart: Figuralaýyn typmak boýunça Dünýä çempionaty (Saitama Ýaponiýa)

3-9-njy aprel: Golf boýunça 87-nji “Masters” ýaryşy (Augusta ABŞ)

5-16-njy aprel: Hokkeý boýunça zenanlaryň arasyndaky Dünýä çempionaty (Kanada)

6-njy aprel: Angliýa Braziliýa: zenanlaryň arasyndaky Finalissima duşuşygy (“Wembley”, London Angliýa)

15-nji aprel: NBA Pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary (ABŞ)

7-14-nji maý: Dzýudo boýunça Dünýä çempionaty (Doha Katar)

12-28-nji maý: Hokkeý boýunça erkekleriň arasyndaky Dünýä çempionaty (Finlýandiýa, Latwiýa)

20-nji maý 11-nji iýun: FIFA U-20 Dünýä Kubogy (Indoneziýa)

28-nji maý: Formula 1 boýunça Monako “Gran Prisi” (Monte-Karlo Monako)

28-nji maý 10-njy iýun: 127-nji “Fransiýa Açyk” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (Pariž Fransiýa)

31-nji maý: UEFA Ýewropa Ligasynyň finaly (“Puşkaş Arena”, Budapeşt Wengriýa)

4-nji iýun: UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynyň finaly (“Philips” stadiony, Eýndhowen Niderlandlar)

7-nji iýun: UEFA Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň finaly (“Fortuna Arena”, Praga Çehiýa)

10-njy iýun: UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly (Atatürk stadiony, Stambul Türkiýe)

12-18-nji iýun: 122-nji “Amerika Açyk” golf bäsleşigi (ABŞ)

15-25-nji iýun: Basketbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionaty (Ysraýyl, Sloweniýa)

16-njy iýun 16-njy iýul: Futbol boýunça erkekleriň arasyndaky 18-nji Aziýa Kubogy (Katar)

21-nji iýun 2-nji iýul: 3-nji Ýewropa oýunlary (Krakow, Malopolska Polşa)

3-16-njy iýul: 136-njy “Wimbledon” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (London Beýik Britaniýa)

14-30-njy iýul: Suw sportlary boýunça 20-nji Dünýä çempionaty (Fukuoka Ýaponiýa)

20-nji iýul 20-nji awgust: 9-njy FIFA Zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogy (Awstraliýa, Täze Zelandiýa)

28-nji iýul 8-nji awgust: XXXI tomusky Uniwersiada (Çendu Hytaý)

4-19-njy awgust: 13-nji Afrika oýunlary (Akkra Gana)

5-12-nji awgust: Bütindünýä 2-nji kenarýaka oýunlary (Bali Indoneziýa)

15-nji awgust 3-nji sentýabr: Woleýbol boýunça zenanlaryň arasyndaky 33-nji Ýewropa çempionaty (Belgiýa, Italiýa, Germaniýa, Estoniýa)

19-27-nji awgust: Ýeňil atletika boýunça 19-njy Dünýä çempionaty (Budapeşt Wengriýa)

21-27-nji awgust: Badminton boýunça 28-nji Dünýä çempionaty (Kopengagen Daniýa)

25-nji awgust 15-nji sentýabr: Basketbol boýunça 19-njy FIBA Dünýä Kubogy (Filippinler, Ýaponiýa, Indoneziýa)

28-nji awgust 10-njy sentýabr: 143-nji “Amerika Açyk” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (Nýu Ýork ABŞ)

28-nji awgust 16-njy sentýabr: Woleýbol boýunça erkekleriň arasyndaky 34-nji Ýewropa çempionaty (Italiýa, Bolgariýa, D. Makedoniýa, Ysraýyl)

2-17-nji sentýabr: Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty (Er-Riýad Saud Arabystany)

8-nji sentýabr 28-nji oktýabr: Regbi boýunça erkekleriň arasyndaky 10-njy Dünýä Kubogy (Fransiýa)

23-nji sentýabr 8-nji oktýabr: 19-njy Aziýa oýunlary (Hançžou Hytaý)

29-njy sentýabr 1-nji oktýabr: Golf boýunça 44-nji “Ryder” Kubogy (Rim Italiýa)

6-15-nji oktýabr: Kenarýaka woleýboly boýunça Dünýä çempionaty (Meksika)

20-nji oktýabr 5-nji noýabr: XIX Pan-Amerikan oýunlary (Santiago Çili)

24-29-njy oktýabr: Karate boýunça Dünýä çempionaty (Wengriýa)

3-5-nji noýabr: Dzýudo boýunça Ýewropa çempionaty (Monpelie Fransiýa)

10-njy noýabr 2-nji dekabr: 19-njy FIFA U-17 Dünýä Kubogy (Peru)

17-26-njy noýabr: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 6-njy Aziýa oýunlary (Bangkok, Çonburi Wýetnam)

19-njy noýabr 7-nji dekabr: XVII Ýuwaş umman oýunlary (Honiara Solomon adalary)

26-njy noýabr: F1 boýunça möwsümiň soňky ýaryşy Abu Dabi “Gran Prisi” (Abu-Dabi BAE)

30-njy noýabr 17-nji dekabr: Gandbol boýunça zenanlaryň arasyndaky 26-njy Dünýä çempionaty (Daniýa, Norwegiýa, Şwesiýa)

26-njy dekabr 5-nji ýanwar: Ýaşlaryň arasyndaky hokkeý boýunça Dünýä çempionaty (Şwesiýa)

Ýene degişli makalalar

Turkmenistan has launched a series of capacity-building workshops on E-commerce.
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
SSKA-dan taryhy ýeňiş
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady