2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi

2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2023-nji ýylda 1 milliard 94,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 923,2 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 171,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň 2023-nji ýyldaky umumy daşary söwda dolanyşygy 62,6 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,1 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 23,9 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň ýanwarnoýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 970,1 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen-özbek söwda dolanyşygy 235 million dollardan geçdi
2023: Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda €230 milliona golaýlady
Germaniýada çörek 34 göterim gymmatlady
Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar
Germaniýadaky sarp edijiler 2023-nji ýylda ýokary inflýasiýa sezewar galdylar