2024-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen-özbek söwda dolanyşygy 235 million dollardan geçdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen-özbek söwda dolanyşygy 235 million dollardan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 235 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 213,6 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy bolsa 21,7 million amerikan dollaryna deň boldy.

Munuň özi Türkmenistanyň goňşy ýurtdan importynyň iki esse azalandygyny görkezýär.Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 46,8 million amerikan dollaryna barabar bolupdy.Umumylykda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen-özbek söwda dolanyşygy 235,2 million amerikan dollaryna deň boldy.

Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň onlugyndan ýer aldy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 3 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 15 milliard 823 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 6 milliard 384 milliony eksportyň, 9 milliard 438 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady
Türkmenistan Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy
Türkmenistanda orta mekdeplerde gyssagly howpsuzlyk çäreleri geçirilýär
Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar